Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG türkmen emeldarlaryna zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitlerini düşündirdi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

5 – 6-njy dekabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk (ÝHHG) guramasy Aşgabatda “Zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri: ÝHHG-niň iň gowy tejribeleri” atly seminar geçirdi. Bu barada guramanyň resmi websaýtynda habar berilýär.

Iki gün dowam eden okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň hem-de Döwlet serhet gullugynyň resmileri gatnaşdy. Seminarda italýaly eskpert Ugo Melhionda (Ugo Melchionda) türkmen emeldarlaryna ÝHHG-niň borçnamalaryna we halkara ýörelgelere gabat gelýän netijeli migrasiýa syýasatyny işläp düzmäge degişli gurallar barada gürrüň berdi.

Seminara gatnaşyjylar zähmet migrasiýasy bilen baglylykda döwletara hyzmatdaşlyklaryň hem-de ikitaraplaýyn zähmet ylalaşyklarynyň bähbitlerini nygtadylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd bu seminaryň Türkmenistanda netijeli migrasiýa dolandyryş ulgamyny ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurt raýatlary iş gözleginde daşary ýurtlara gidýär. Türkmen hökümeti ýurtdaky işsizligiň derejesi barada anyk statistiki maglumatlary köpçülige ýetirmeýär. Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary iş gözleginde daşary ýurtlara barýan raýatlaryň Aşgabadyň aeroportunda ýollarynyň baglanmak töwekgelçiligine duçar bolýandyklaryny wagtal-wagtal habar berýärler.

Türkmenistandaky işsizligiň derejesi barada halkara hasabatlarda gapma-garşylykly sanlar berilýär.

BMG-nyň ýanwar aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 2018-nji ýylda 3,3 prosente deň bolandygy mälim edildi. Degişli hasabat bu sanlar bilen bagly Halkara zähmet guramasyna salgylanýar.

Aziýanyň ösüş banky bu görkezijiniň 2018-nji ýylda 3,8 prosente deň bolandygyny aýdýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi 2017-nji ýylyň martynda ýurtda işsizligiň derejesiniň 60 prosente golaýdygyny habar berdi.

Birleşen Ştatlaryň Söwda departamentiniň 2018-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanda işsizligiň resmi bolmadyk görkezijisiniň 25-50 prosent aralygyndadygy aýdyldy.

Galyberse-de, Türkmenistanda işleýän raýatlaryň agramly bölegi esasan döwlet edaralarynda işleýär.

Birleşen Ştatlaryň Kongres kitaphanasynyň Federal barlag bölümindäki Türkmenistan bilen bagly maglumatlarda 2003-nji ýylda Türkmenistanda işleýän raýatlaryň 90 prosentiniň döwlet edaralarynda işleýändigi mälim edildi. Ýöne ondan soňky geçen döwrüň dowamynda bu ugurda anyk resmi statistika aýdylmaýar.

Beýleki tarapdan, Ýewropa Bileleşiginiň okuw-tälim boýunça “European Training Foundation” agentliginiň hasabatynda 2013-nji ýylda Türkmenistanda işleýän raýatlaryň 75 prosentiniň döwlete degişli bolmadyk edara-kärhanalarda işleýändigi aýdyldy. Ýöne, ýene-de, bu sanlar bilen bagly döwlet organlarynyň anyk statistiki maglumatlary ýok.

Bütindünýä banky 2015-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanda işleýän raýatlaryň tas ýarysyna golaýynyň (46%) ýurduň oba-hojalyk pudagynda zähmet çekýändigini aýtdy. Hasabatda degişli sanlaryň 2003-nji ýyldan bäri tas üýtgemändigi, “munuň ýurtdaky giň ýaýran işsizlikden habar berýändigi” aýdyldy.

Türkmen resmileri ýurtdaky işsizlik bilen bagly halkara hasabatlardaky gapma-garşylykly sanlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, ÝHHG türkmen emeldarlaryna zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitlerini düşündirýän wagty, Türkmenistanda iş üçin daşary ýurtlara çykan raýatlaryň resmi sany mälim däl.

2018-nji ýylyň dekabrynda “The Diplomat” neşirine beren interwýusynda hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlaryň sanynyň 500 müň adam töweregindedigini çaklady.

Şy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmesi Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň geçiren ýapyk barlaglaryna salgylanyp, soňky 10 ýylda 1 million 900 müň töweregi türkmenistanlynyň ýurdy terk edendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG