Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky 9 aýda 39 müňe golaý türkmenistanly Azerbaýjana sapar etdi


Bakuwda selfi düşürýän adamlar. Illýustrasiýa suraty.
Bakuwda selfi düşürýän adamlar. Illýustrasiýa suraty.

Şu ýylyň ýanwar- sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň 38700 töweregi raýaty Azerbaýjana sapar etdi. Bu barada turkmen.news neşiri Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň sanlaryna salgylanyp habar berýär. Maglumata görä, Azerbaýjana gidýän türkmenistanlylaryň sany 96 % artdy.

Türkmenler Azerbaýjana iş gözleginde, dokma önümlerini we şaý-sepleri satmaga, hem-de bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin gidýär diýip, neşir ýazýar.

Geçen iýul aýynda turkmen.news neşiri Türkmenbaşydan Bakuwa deňiz ýollary arkaly syýahat etmäge isleg bildirýän müňlerçe türkmenistanly barada habar berdi. Neşiriň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenbaşydan Bakuwa gämi bilen syýahat etmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň sany öňküsinden görnetin azaldy; munuň sebäbi parom biletleriniň manatda satylmagynyň ýatyrylmagy bilen düşündirilýär. Ozal Türkmenbaşy-Baku aralygyna gatnaýan türkmen paromlarynyň gidiş-geliş biletleri manatda satylýardy, häzirki wagtda, neşiriň habar bermegine görä, parom biletleriniň tölegi dollarda amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Azerbaýjanda ol ýa-da beýleki kanun bozmalaryň esasynda tussag edilýän Türkmenistanyň raýatlary barada habarlar berilýär. Käbir türkmen raýatlary Azerbaýjany, edil Gürjüstany ulanyşlary ýaly, Türkiýedäki ýaşaýyş rugsatlaryny kanuny esasda uzaltmak üçin geçelge hökmünde ulanýar. Türkiýedäki ýaşaýyş rugsatlarynyň möhleti dolan türkmenistanlylar Türkiýeden Gürjüstan Azerbaýjan ýaly ýurtlara gysga möhletli girip çykmak arkaly Türkiýedäki ýaşaýyş rugsatlaryny kanuny esasda uzadýarlar.

Turkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar – sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň 10 müňe golaý raýaty Gürjüstana syýahat etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde tas 30 % töweregi artdy. Maglumata görä, 2018-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlary aralygynda 7341 türkmenistanly Gürjüstana syýahat etdi.

Türkmenistanda soňky üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany ýerli habarçylaryň we çeşmeleriň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň statistika sanlarynyň maglumatlaryna görä, görnetin artdy.

“Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşiriniň 25-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, soňky wagtlarda Özbegistana sapar edýän türkmenistanly raýatlaryň sany hem ýokarlandy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän beýleki ýurtlara-da çykýan türkmenistanlylaryň sany az däl.

Belarus metbugatynyň sentýabr aýynda habar bermegine görä, 2018-nji ýylyň dowamynda 4 müňden gowrak türkmen raýaty Belarusa göçüp bardy.

Türk statistika gullugynyň 23-nji iýulda ýaýradan hasabatynda Türkmenistan 2018-nji ýylda Türkiýä göçüp baran raýatlarynyň sany boýunça dördünji orunda ýerleşdirildi. Hasabata görä, geçen ýyl Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýaty Türkiýä göçdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň we çeşmeleriniň onlarçasy bu ýurtda eklenç gözleginde zähmet çekýän türkmenistanlylaryň resmi bolmadyk sanynyň on müňlerçedigini aýdýarlar.

Maýyň aýagynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleriniň beren – türkmen häkimiýetleri tarapyndan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän – maglumatlarda soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň ýurdy terk edendigi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG