Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz sudy Azatlygyň bank hasaplaryny doňdurdy


Derňew makalasy çap edilenden soň, Bişkekda 25-nji noýabrda korrupsiýa garşy ýöriş geçirildi.

Bişkegiň sudy Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň (Azattyk), onuň habarçysynyň we Kloop gyrgyz agentliginiň bank hasaplaryny doňdurmak barada höküm çykardy.

Bu ýokarda agzalanlaryň ýurduň gümrük gullugyndaky mümkin giň parahorlyk we pullaryň uly möçberde daşary çykarylmagy baradaky bilelikdäki derňewiniň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Bişkekdäki edarasyna 12-nji dekabrda Swerdlow etrap sudunyň 11-nji dekabrdaky hökümi gowşuryldy. Onda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ali Toktakunowyň, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň we Kloop neşiriniň hasaplarynyň doňdurylýandygy mälim edilýär.

Derňewiň mazmunyny çap eden 24.kg atly beýleki gyrgyz habar internet-neşiriniň hem hasaplary doňduryldy.

Suduň höküminde aýdylmagyna görä, dawagärler özleriniň “mertebesine we biznes abraýyna” zeper ýetirilendigini adyp, ýokarda agzalanlaryň garşysyna şikaýat edipdirler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jemie Fly hasaplaryň dessine azat edilmelidigini aýtdy. Ol muny “Azattygyň alyp barýan işine we garaşsyzlygyna edilen hüjüm” diýip, häsiýetlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG