Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýer-ministri Jonson Breksitiň wagtynda amala aşjakdygyny aýdýar


Britan premýer-ministri Boris Jonson

Britaniýada Breksiti goldaýan Konserwatiw partiýa irki parlament saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu premýer-ministr Boris Jonsonyň ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykarmak tagallalaryna uly mümkinçilik berdi.

Tas ähli sesleriň sanalmagy netijesinde Jonsonyň partiýasy parlamentiň aşaky öýündäki 650 ornuň 364-ni almagy başardy.

Konserwatiwleriň ýeňişinden soň, Jonson Britaniýanyň, planlaşdyrylyşy ýaly, 31-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykjakdygyny aýtdy.

“Men bu boş gürrüňlere soň berip, Breksiti 31-nji ýanwara çenli, öz wagtynda amala aşyraryn. Bu ýerde başga ‘ýa-da’ we ‘ýöne’ bolmaz” diýdi.

Britanlar 2016-njy ýylda geçirilen referendumda Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagy saýlap alypdylar. Şondan bäri Breksit üstünde syýasy gapma-garşylyklar döredi.

XS
SM
MD
LG