Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Talyban” bilen gepleşiklere “gysga wagtlyk arakesme” berdi


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, “Talybanyň” Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esasy harby bazasyna eden hüjüminden soň, jeňçi topary bilen alnyp barylýan gepleşiklere “gysga wagtlyk arakesme” berlendigini aýtdy.

Çarşenbe güni “Talyban” söweşijileri ABŞ-nyň Bagramdaky harby bazasyna hüjüm edip, parahat ilatyň hataryndan azyndan iki adamy öldürdi, başga-da 70 adamy, şol sanda bäş gürji esgerini ýaralady.

Geçen hepde ABŞ, üç aýa çeken arakesmeden soňra, “Talyban” bilen gepleşiklere ýaňadandan başlapdy.

“Men talyplar bilen duşuşanymda Bagrama edilen hüjüme nägileligimi bildirdim” diýip, Halilzad Twitterde ýazdy.

“Biz olaryň bu möhüm meseläni öz ýolbaşçylary bilen maslahat etmekleri üçin gysga wagtlyk arakesme alýarys” diýip, Halilzad belledi.

XS
SM
MD
LG