Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki ministriň türmä basylmagynyň yzýany, Türkmenistan korrupsionerleriň günäsini geçmezlik kararyna geldi


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öňünde dikilen heýkel. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öňünde dikilen heýkel. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmen häkimiýetleri korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlaryň günäsini geçmezlik kararyna geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti 13-nij dekabrda habar berdi.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda prezident Gurbaguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli kanuny anna güni döwlet metbugatynda çap edildi.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, goşmaçalar we üýtgetmeler babatdaky kanuna prezident 30-njy noýabrda gol çekipdir, ýöne ol metbugatda aradan iki hepde geçenden soň, 13-nji dekabrda çap edildi.

Korrupsiýa jenaýatlary bilen bagly iş kesilen adamlaryň günäsini geçmezlik boýunça alnan täze karar Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri Isgender Mulikowyň korrupsiýada günäli bilnip, azatlykdan mahrum edilmeginiň yzýany metbugatda çap edilýär.

Ýatlasak, türkmen mediasynyň habar bermegine görä, prezident Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda geçiren Döwlet Howpsuzlyk geňeşinde baş prokuror Batyr Atdaýew öňki ministriň uly möçberde para almakda günäli bilnip, azatlykdan mahrum edilendigini mälim etdi. Döwlet telewideniýesi 44 ýaşly Mulikowyň eli gandally ýagdaýda günäsini boýun alyşyny we toba edişini görkezdi.

Ýöne habarda öňki ministriň haçan saklanandygy, haçan tussag edilendigi, onuň sud işiniň nähili şertlerde geçirilendigi barada maglumat berilmedi.

Kanuna täze girizilen goşmaçalara laýyklykda, korrupsionerler bilen bir hatarda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekurslaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary edenlere-de rehim edilmez.

Prezidentiň 30-njy noýabrda gol çeken täze kanunlary bilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine we Jenaýat iş ýörediş kodeksine başga-da möhüm üýtgetmeler girizildi.

Täze goşmaçalara laýyklykda, mundan ozal diňe “döwlet wezipesini eýeleýän adam” kasama dönüklikden jogapkärçilige çekilip bilnen bolsa, mundan beýläk “döwlet wezipesini eýeleýän adam” bilen bir hatarda “döwlet gullukçylary ýa-da olara deňleşdirilen adamlar” hem kasama dönüklikden jogapkärçilige çekilip bilinýär.

Şeýle-de, täze üýtgetmeleriň esasynda Jenaýat kodeksine täze “Korrupsiýa” maddasy goşuldy. Oňa laýyklykda korrupsiýa bilen bagly jenaýatlar diýlip pul, gymmatlyklar, emläk we beýlekiler bilen bagly edilen jenaýatlar görkezilýär.

Korrupsiýanyň täze maddasyna laýyklykda, häkimiýet ygtyýarlyklary bolan wezipeli adamlaryň aýry-aýry adamlar ýa-da toparlar bilen ýola goýan bikanun gatnaşyklarynyň esasynda amala aşyran jenaýatlary jezalandyrylýar.

Jenaýat Kodeksine girizilen goşmaçalar bilen bir hatarda başga-da käbir kanun namalaryna üýtgeşmeler girizildi. Täze kanunyň döwlet dilinden rus diline terjime edilen nusgasy “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna günki sanynda-da çap edildi.

Belleýşimiz ýaly, täze üýtgeşmeler ýurduň öňki içeri işler ministri Mulikowa korrupsiýa bilen bagly iş kesilip, türkmen prezidentiniň döwlet telewideniýesinde ýurtda korrupsiýa garşy berk göreşjekdigini gaýtalamagynyň yzýanyna gabat geldi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary Türkmenistanda ähli derejede korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar. Korrupsiýa bilen bagly halkara hasabatlarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýär.

Döwlet metbugatynda öňki ministriň korrupsiýada aýyplanandygy aýdylsa-da, oňa anyk haýsy maddalar boýunça günä bildirilendigi jemgyýetçilige mälim edilmedi. Telewideniýedäki teletobasynda öňki ministr aýratyn uly möçberde para alandygyny boýun aldy.

Türkmenistanyň kanunyna girizilen goşmaçalar onuň resmi taýdan çap edilen gününden herekete girýär.

Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri azatlykdan mahrum edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:40 0:00

Wideo: Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri azatlykdan mahrum edildi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG