Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat tapgyr ikinji ýyl dünýäniň iň gymmat şäheri saýlandy


Aşgabat şäheri. Arhiwden alnan surat
Aşgabat şäheri. Arhiwden alnan surat

2019-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat daşary ýurtlular üçin dünýäde iň gymmat şäher hökmünde tapgyr ikinji ýyl hasaba alyndy.

Bu barada dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylary öwrenip deňeşdirýän ECA International toparynyň 10-njy dekabrda çap eden soňky hasabatynda aýdylýar.

“2017-nji ýylda 146-njy orunda ýerleşdirilen Aşgabat geçen ýyl birinji orna ýokary tizlik bilen çykdy we bu ýyl hem şol ýerde saklanýar. Inflýasiýanyň ýokary bolmagy we walýutanyň gara bazardaky nyrhy bilen resmi kursunyň arasyndaky aratapawut, importa durýan harytlaryň bahalaryny gymmatlatdy. Bu bolsa, bikanun gara bazara elýeterliligi bolmadyk, walýutanyň resmi bahasyna görä, Aşgabada sapar edýänler üçin nyrhlaryň juda gymmat bolmagyna sebäp bolýar” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Belläp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň häkimiýetleri dollaryň resmi nagt söwdasyny ýatyrdy. Şondan soň ýurtda dollaryň iki – resmi we “gara bazar” – nyrhy emele geldi. Häkimiýetler dollaryň resmi kursuny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manat möçberinde saklaýan mahaly, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esse gymmatlap, ortaça 18 manada ýetdi. Bu bolsa ýurtda hyzmatlaryň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň telim esse gymmatlamagyna getirdi.

ECA International topary şeýle barlaglary gündelik sarp edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny nazara alyp, her ýylyň mart we sentýabr aýlarynda geçirýär.

Bu barlaglarda azyk, şol sanda süýt-gatyk, et we balyk, gök-bakja önümleriniň, şeýle-de öý goşlarynyň, göwnüňi açmak we güýmenje üçin niýetlenen hyzmatlaryň, geýim-gejimleriň, elektrik harytlarynyň, spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň we şuňa meňzeşleriň nyrhlary deňeşdirilýär.

Barlaglarda jaý kireýiniň töleg nyrhlary, awtoulaglaryň bahalary we çagalaryň okuw tölegleri hasaba goşulmaýar.

Hasabatda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýäniň günbatar we gündogar ýurtlaryndaky köp sanly şäherinde türkmen paýtagtyndan has arzandygy hem görkezilýär.

Sanawda Ýaponiýanyň Tokýo şäheri 2-nji, Nagoýa şäheri 10-njy we Osaka şäheri 11-nji orunlarda ýerleşdirilipdir. Şweýsariýanyň Zurih, Ženewa we Basel şäherleri daşary ýurtlylar üçin dünýädäki iň gymmat 3-nji, 4-nji we 5-nji şäherler bolupdyr.

Aşgabat daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerinde mundan öň hem dünýäniň iň gymmat şäherleriniň arasynda agzalypdy.

"Mercer" kompaniýasynyň şu ýylyň iýun aýynda çap eden hasabatynda türkmen paýtagty daşary ýurtlular üçin bahalaryň amatsyzlygy boýunça dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň arasynda ýerleşdirildi.

“Cost of Living Survey” diýlip atlandyrylan şol hasabatda Aşgabat bir ýylyň dowamynda 34 orun pese gaçyp, 209 şäheriň arasynda dünýädäki iň gymmat 7-nji şäher hökmünde hasaba alyndy. Aşgabat geçen ýyl bu sanawda 43-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Halkara synçylaryň ençemesi Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýändigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Bu barada resmi mediada hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG