Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň arasynda ýerleşdirildi


Aşgabat şäheri

Mercer kompaniýasynyň täze hasabatynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat daşary ýurtlular üçin bahalaryň amatsyzlygy boýunça dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň arasynda ýerleşdirildi.

26-njy iýunda çap edilen we “Cost of Living Survey” diýlip atlandyrylýan hasabatda Aşgabat bir ýylyň dowamynda 34 orun pese gaçyp, 209 şäheriň arasynda dünýädäki iň gymmat 7-nji şäher hökmünde agzalýar. Aşgabat geçen ýyl bu sanawda 43-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasynyň bu hasabaty dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerine esaslanýar.

Şeýle-de, şu ýyl 25-njisi çap edilen ýyllyk hasabatyň netijeleriniň dünýäniň dürli şäherlerinde ýaşaýan daşary ýurtlularyň pikir soraşyk esasynda goşan goşandyna esaslanýandygy aýdylýar.

Bu hasabat her bir şäherdäki 200-den gowrak harydyň we hyzmatyň, şol sanda jaý kireýleriniň, transport serişdeleriniň, azyk harytlarynyň, geýim-gejimleriň, öý goşlarynyň, göwnüňi açmak we güýmenje üçin niýetlenen hyzmatlaryň hem-de şuňa meňzeşleriň nyrhlarynyň deňeşdirilmeginde taýýarlanyldy.

Sanawda Aşgabat dünýäniň iň gymmat 7-nji şäheri hökmünde agzalýan wagty, goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent daşary ýurtlular üçin dünýädäki iň arzan şäherleriň biri hökmünde bellenip geçilýär. Ol 209 şäheriň arasynda 208-nji orunde ýerleşdirilipdir. Sanawda dünýäniň iň arzan şäheri Tunis bolup, ol 209-njy orunda ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýada ýerleşýän şäherleriň arasynda Bişkek 206-njy orunda, Almaty 191-nji orunda ýerleşdirilipdir. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe we Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan sanawa girizilmändir.

Sanawda Azerbaýjanyň paýtagty Baku 178-nji we Türkiýäniň Stambul şäheri 154-nji orunlarda ýerleşdirilipdir.

Dünýädäki iň gymmat şäherler Hong Kong we Tokýo bolup, olar degişlilikde 1-nji we 2-nji orunlarda ýerleşdirilipdir. Dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň 8 sanysy Aziýada ýerleşip, bu sanawa Hytaýyň üç şäheri giripdir we onda Şanhaý 6-njy, Pekin 8-nji, Şenžen 10-njy orunda ýerleşdirilipdi.

Hasabatda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň Rimde, Amsterdamda, Barselonada, Madridde, Brýusselde, Frankfurtda, Pragada, Osloda we beýleki köp sanly günbatar şäherlerinde türkmen paýtagtyndan has arzandygy görkezilýär.

Aşgabat daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerinde mundan öň hem dünýäniň iň gymmat şäherleriniň arasynda agzalypdy.

Dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylary öwrenip deňeşdirýän ECA International toparynyň 13-nji iýunda çap eden soňky hasabatyna görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy.

“Aşgabadyň alan derejesi käbir adamlary geňirgendirmegi mümkin, ýöne Türkmenistanyň soňky ýyllarda duçar bolýan ykdysady we walýuta kynçylyklaryndan habarly adamlar munuň şeýle boljakdygyny bilendir. Inflýasiýanyň derejesiniň yzygiderli galmagy, walýutanyň belli-meşhur bikanun gara bazary bilen goşalanyp, importa durýan harytlaryň bahalaryny gymmatlatdy. Şeýlelikde, walýutanyň resmi bahasyna görä, paýtagt Aşgabada sapar edýänler üçin nyrhlar juda gymmatlady. Bu ýagdaý Aşgabady sanawyň iň depesine ymykly oturtdy” diýip, ECA International toparynyň wekili Stiwen Kilfedder (Steven Kilfedder) aýtdy.

Maglumat üçin aýtsak, Mercer kompaniýasynyň soňky hasabatynda şäherlerdäki durmuşyň amatlylygy Nýu-Ýorka görä deňeşdirilip, barlagyň ortalyk pul birligi amerikan dollary hökmünde kabul edilipdir.

Mercer kompaniýasy 30 ýurtda iş alyp barýar we onuň 23 müňden gowrak işgäri dünýäniň 44 döwletinde ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG