Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ozalky ilçileri “Demirgazyk Akym 2” sanksiýalarynyň ABŞ Germaniýa gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini aýdýarlar


“Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisi

ABŞ-nyň ozalky iki ilçisi Russiýanyň 11 milliard dollarlyk gazgeçirijisini Germaniýa çekýän kompaniýalara garşy sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan taslamany tankyt etdi. Olar munuň netijesinde iki NATO döwletiniň gatnaşyklaryna ýaramaz täsiriň ýetip biljekdigini duýdurdylar.

Olar munuň deregine, ABŞ-nyň Russiýa, eger-de Ukrainanyň üstünden akdyrýan tranzit gazyny belli bir mukdardan aşak düşürse, gadagançylyk girizmelidigini aýtdylar.

Kongres Baltik deňziniň düýbünden “Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisini çekýän gämilere garşy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýar. ABŞ resmileri bu proýekt amala aşsa, Ýewropanyň rus energiýa serişdelerine has köp garaşly boljakdygyny aýdýarlar.

Bu gazgeçiriji, Ukrainanyň we Polşanyň üstünden sowa geçip, Germaniýa ýylda 55 milliard kub metr gazy akdyrmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň tamamlanmagyna ýene ençeme hepde bar. Emma, prezident Donald Trampyň Demirgazyk Akym sanskiýa taslamasyny hem özünde saklaýan ýyllyk goranyş çykdajylaryna 20-nji dekabrda gol goýmagyna garaşylýar.

Sanksiýalara esasan düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Allseas Group kärhanasy we onuň gämileri düşer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG