Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda korrupsiýa garşy aktiwistiň adamsy saklandy


Şirin Aýtmatowa
Şirin Aýtmatowa

Gyrgyzystanyň korrupsiýa garşy belli aktiwisti Şirin Aýtmatowanyň adamsy, ýurduň gümrük gullugynda bardygy aýdylan korrupsiýa dawasynyň fonunda, tussag edildi.

Aýtmatowanyň 20-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň adamsy Syrgak Kenjebaýew goňşy Gazagystanyň Almaty şäheriniň aeroportynda saklanypdyr we soňy bilen Bişkege getirilipdir.

Gyrgyz resmileri Kenjebaýewiň galplykda şübhelenip saklanandygyny aýtdylar.

Ozalky kanunçykaryjy Aýtmatowa korrupsiýa garşy göreşýän Umyt-2020 atly guramany esaslandyrypdy. Ol meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň hem gyzydyr.

Onuň topary gyrgyz resmilerine ýüzlenip, ýurduň gümrük gullugyndaky bardygy aýdylýan korrupsiýa we pullaryň uly mukdarda daşary çykarylmagy bilen baglylykda geçen aý çap edilen media derňewiniň içgin seljerilmegini sorapdy.

XS
SM
MD
LG