Köpçülikleýin protestler, ot alan Notr-Dam, öňki komik aktýor, saýlawlarda ýeňensoň Ukrainanyň prezidenti bolan, soňra ABŞ-da ýüze çykan dartgynly syýasy dawa gatnaşyjy, howanyň global derejede ýylamagy barada bütin dünýäni oýlandyryp bilen fenomen-gyz... Munuň bary 2019-njy ýylda boldy. Bular ýylyň esasy fotosuratlary hem dünýä taryhyndaky belli wakalar.
2019: Ýylyň esasy suratlary
33
Proteste çykanlar Bagdatda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda ýaraly bolany alyp barýarlar, Yrak, 28-nji noýabr. Hökümete garşy protestler Yragyň paýtagtyny hem-de şaýylaryň ýaşaýan günorta bölegini gurşap aldy, aktiwistler hökümet ýolbaşçylaryny korrupsiýada hem-de Eýranyň täsirine gitmekde aýyplaýarlar. (AP/Khalid Mohammed)
34
ABŞ-yň prezidenti Donald Tramp Ak Tamyň günortasyndaky açyklykda žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, Waşington, 2-nji dekabr. ABŞ-yň Wekiller öýi impiçment kararyna seredýärler. (Reuters/Tom Brenner)
35
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda), Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (ortada) hem-de Ukraianyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) Ýeliseý köşgünde, Pariž, 9-njy dekabr. Putin bilen Zelenskiý Donbassdaky konflikti parahatçylykly çözmek gepleşiklerinde ilkinji gezek duşuşýarlar. (AP/Christophe petit Tesson)