Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Samarkantda okuwçy mekdep jaýynyň ikinji gatyndan ýykyldy. Ol özüni direktoryň orunbasarynyň aşaklygyna iterendigini aýdýar (Wideo)


Suhrob Karşiboýew.
Suhrob Karşiboýew.

Samarkant welaýatynyň Iştihan raýonyndaky 3-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Suhrob Karşiboýew mekdep jaýynyň içinde parkyldawyk ýardy diýip, mekdep direktorynyň orunbasary Adham Ruziýew ony urýar, soňra jaýyň ikinji gatyndan aşaklygyna iterýär. Sag eli döwlen hem kellesine ýara düşen okuwçy keselhana ýerleşdirilýär. Direktoryň orunbasary okuwçynyň özüniň aşak bökendigini aýdýar.

Bu waka 28-nji dekabrda, Iştihan raýonynyň 3-nji orta mekdebinde, Täze ýyl baýramçylygy geçenden soň ýüze çykýar.

17 ýaşly Suhrob Karşiboýewiň ejesi Ýokutoý Umrzokowa Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, oglunyň jaýyň ikinji gatyndan özüni aşak oklamajagyny aýdýar.

– Mugallym meniň oglumy sapak otagyna salyp, ony şol ýerde urupdyr. Meniň oglum özüni jaýdan aşak zyňjak çaga däl. Maňa mekdepden jaň edip, onuň ýykylyp, elini döwendigini aýtdylar. Men baryp görsem, onuň ýüz-gözi gök tegmil hem sypjyryk eken, eli döwlüpdir, kellesine agyr şikes ýetipdir. Onuň kör ýa maýyp bolmagy mümkin ahyryn. Meniň oglumy urmaga mugallymyň näme haky bar? – diýip, Suhrobyň ejesi gahar bilen soraýar.

Ýokutoý Umrzokowanyň aýtmagyna görä, onuň ogluny 28-nji dekabrda keselhana ýerleşdirýärler. Suhrob 1-nji ýanwarda özüni dürsäp, hossarlary bilen gürleşip başlapdyr. Azatlygyň habarçysyna Suhrobyň özi bilen gürleşmek mümkin boldy, ol özüni mekdep mugallymynyň urandygyny aýdýar.

– Täze ýyl dabarasy gutarandan soňra, tomaşa zalda bir güýçli ses eşidildi, ol ýarylýan parkyldawyga çalymdaşdy. Näme bolanyny görjek bolup, ol ýere girdim. Meniň yzym bilen mekdep direktorynyň orunbasary-da girip, ony sen etdiňmi diýip sorady. Men oňa hiç zat etmedigimi aýtdym. Ol meni ýalan gepleýändir diýip, ýüzüme urdy. Urgy şeýle güýçli bolup, gözümi açyp bilmedim. Soň ol meniň ýakamdan tutup, basgançaga tarap süýredi. Meniň ýoldaşlarym muny görüp, ol parkyldawykda meniň günämiň ýokdugyny aýtdylar. Şol wagt biziň ýanymyza mekdebiň hojalyk işleriniň müdiri geldi. Olar iki bolup, meni 2-nji gata süýräp çykardylar – diýip, Suhrob Karşiboýew aýdýar.

Mekdep okuwçylarynyň aýtmagyna görä, direktoryň orunbasary ony öz kabinetine salyp, urmaga başlapdyr.

– Kabinete girenimizde, ol meni oturgyçlaryň hem partalaryň arasyna batly itberdi. Men aýnanyň alnyna bardym. Soň ol kabinetini açar bilen içinden gulplap, meni urmaga başlady. Men huşumy ýitirip, aýnanyň öňüne ýykyldym. Soňra aýnanyň öňündäki tagtadan ýapyşyp, ýerimden galdym. Şol wagt mugallym ýanyma gelip, meni aşaklygyna itberdi. Men betonyň üstüne düşenimi bilýän, başga zat bilemok. Ol meni etmedik işim üçin urdy. Şonuň üçin bu maňa gaty agyr degýär. Ikinji gatdan özümi ýere oklar ýaly men tentek däl ahyryn – diýip, 10-njy synp okuwçysy Azatlyga gürrüň berýär.

Şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, ikinji gatdan betonyň üstüne düşen Suhrob Karşiboýewi urup-ýenjen mugallym Adham Ruziýewiň özi keselhana äkidipdir.

Suhrobyň ejesiniň Azatlyga aýtmagyna görä, mekdep direktorynyň orunbasary wraçlara ol basgançakdan ýykyldy diýip düşündiripdir.

32 ýaşly Adham Ruziýew mekdep direktorynyň medeni hem ruhy işler boýunça orunbasary, ol Azatlygyň žurnalistiniň telefonyna jogap bermedi.

Iştihan raýonynyň 3-nji orta mekdebiniň direktory Rabbana Tolliýewa Suhrob Karşiboýewiň özüniň aýnadan aşak bökendigini aýtdy.

– Ony ikinji gatdan aşak itberipdirler diýilýäni ýalan. Ol oglan mekdepde parkyldawyk ýardy. Mugallym ony öz kabinetine çagyranda, penjireden böküp gaçmaga synanyşypdyr. Mugallym onuň torbasynyň bagyndan ýapyşyp ýetişipdir, ýöne bag üzülip, ol aşak ýykylypdyr – diýip, mekdep direktory Azatlyga gürrüň berýär.

Suhrob Karşiboýewiň ýoldaşlaryndan biriniň öz adynyň tutulmazlyk şerti bilen Azatlyga aýtmagyna görä, mugallym ony hiç sebäpsiz urupdyr.

– Mekdebiň içinde hiç kim parkyldawyk ýarmady. Suhrob ikimiz bir ýerde durduk, baýramdan soň boş çüýşeleri ýygnaýardyk. Şol wagt aktlar zalyndan güýçli parkyldy eşidildi. Suhrob ony görmäge ylgady. Ol ýerde jaý ýyladyjy aşak gaçypdyr. Nähilidir düşünişmezlik peýda boldy. Muňa direktoryň orunbasary Suhroby günäledi. Ony urup, ýokarky gata süýräp başlady – diýip, Azatlyga gürrüň berdi.

Iştihan raýon milisiýa bölüminiň aýtmagyna görä, 10-njy synp okuwçysy Suhrob Karşiboýewiň kakasy içeri işler bölümine arz edip, ogluny uran hem ikinji gatdan aşaklygyna itberen mekdep direktorynyň orunbasarynyň jogapkärçilige çekilmegini talap edipdir. Içeri işler bölüminiň maglumatyna görä, okuwçynyň jaýyň ikinji gatyndan aşak ýykylmagy boýunça, deslapky derňew işleri gidýär.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG