Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ukrain uçaryny 'ýalňyşyp' urandygyny boýun alýar, Kiýew kompensasiýa isleýär


Ýykylan uçaryň galyndylary

Tähran ilki inkär edip, ahyrynda ukrain uçaryny ýalňyşlyk esasynda urup ýykandygyny tassyklandan soň, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý öz ýurdunyň doly derňewe we doly boýun alşa, şeýle-de 176 adamyň başyna ýeten uçar heläkçiligi üçin kompensasiýa tölenmegine garaşýandygyny aýtdy.

Zelenskiý “Eýran ukrain uçaryny urup ýykmakda günälidigini aýtdy. Emma biz günäniň doly boýun alynmagyny isleýäris” diýdi.

"Biz Eýrandan özleriniň doly we açyk derňew geçirilmegine, günäkärleri jogapkärçilige çekmäge, ölenleriň jesetlerini bermäge, kompensasiýa tölegine, diplomatiýa kanallary arkaly resmi ötünç sorama taýýardygyny ynandyrmagyna garaşýarys” ukrain lider aýtdy.

Bu beýanat ukrain hökümetiniň saýtynda 11-nji ýanwarda, Eýran 8-nji ýanwarda Tähranyň golaýynda ýykylan ukrain uçaryny öz harbylarynyň ýalňyşlyk bilen urandygyny boýun alandan soň çap edildi.

Eýran birnäçe gün inkär edeninden soň, 8-nji ýanwarda Tähranyň golaýynda heläkçilige uçran ukrain uçaryny, “adam ýalňyşlygy” esasynda öz harbylarynyň “niýet etmezden” urup ýykandygyny boýun aldy.

Döwlet TW-sinde 11-nji ýanwar güni irden berlen beýanatda aýdylmagyna görä, Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň “ynjyk harby merkezine” tarap öwrülenden soň, harbylar bu uçary ýalňyşlyk esasynda “duşmançylykly nyşana” hökmünde kabul edipdir.

Şeýle-de beýanatda harbylaryň Birleşen Ştatlar bilen aradaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtynda “iň ýokary hüşgärlik ýagdaýynda” bolandyklary bellenilýär.


Uçaryň üstündäki adamlaryň ölümine getiren betbagtçylyga jogapkär adamlar “derhal” kanun jogapkärçiligine çekiler diýip, beýanatda aýdylýar.

Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň bu hadysa “Birleşen Ştatlaryň awantýurizmi sebäpli dörän krizis wagtynda” bolup geçdi diýmegi bilen, uçary öz harby güýçleriniň urup ýykandygyny boýun alsa-da, Eýran bu ýerdäki günäniň belli bir bölegini Birleşen Ştatlaryň üstüne atmaga synanyşdy.

"Gamgyn gün. Ýaragly güýçleriň içerki derňewiniň deslapky netijeleri: Birleşen Ştatlaryň awantýurizmi sebäpli dörän krizis betbagtçylyga alyp geldi” diýip, Zarif twitterde ýazdy.

"Öz halkymyza, pidalaryň ählisiniň maşgalalaryna we beýleki ejir çeken halklara çuňňur gynanjymyzy, ötünçlerimizi, duýgudaşlyklarymyzy bildirýaris” diýip, ol aýtdy.

Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň komandiri Amirali Hajizadeh biraz soň döwlet TW-sinde berlen çykyşynda ýurduň howa goragy güýçleriniň uçaryň ýykylmagy bilen bagly “doly jogapkärçilik” çekýändigini aýtdy.

Amir-Ali Hajizadeh
Amir-Ali Hajizadeh


Hajizadeh uçara garşy ofiseriň raketa atyp-atmazlyk kararyna gelmekde gaty az wagtynyň bolandygyny öňe sürdi.

"Onuň karara gelmegi üçin 10 sekunt wagty bardy, şol wagt içinde ol ýa urup, ýa urman biljekdi. Gynansak-da, ol bu şertler astynda ýaramaz karar kabul etdi we raketa atyldy” diýip, Hajizadeh aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi 176 pidanyň maşgalalaryna “çuňňur duýgudaşlygyny” bildirdi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani twitterde bu hadysany “uly betbagtçylyk we bagyşlap bolmajak ýalňyşlyk” diýip atlandyrdy.

Tähran bu boýun alyşdan öň Günbatar ýurtlarynyň liderleriniň we ekspertleriniň subutnamalar uçary eýran raketasynyň ýykandygyny görkezýär diýen sözlerini üzül-kesil ret etdi.

Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň (UIA) uçary 8-nji ýanwarda Kiýewe tarap ugur alanda onuň bortunda azyndan 57 kanadaly, 82 eýranly, 10 şwesiýaly, 10 owganly, 3 germaniýaly we 3 britanialy bardy.


Eýranyň beýanaty Günbataryň Tährana bolan gaharynyň güýçlenýän wagtynda, Birleşen Ştatlaryň uçary eýran raketasy urup ýykana “meňzeýär” diýip, “jogap hökmünde degişli çäre görjekdigini” aýtmagy bilen utgaşdy.

Mundan başga, Kanadanyň daşary işler ministri 10-njy ýanwarda uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňemek üçin ýurtlaryň halkara iş toparynyň düzüljegini yglan etdi. Bu hadysada, anyklaşdyrylan maglumata görä, Kanadanyň 57 raýaty wepat boldy, ozal bu san 63 adam diýlip görkezilipdi.

Başlangyç maglumatlarda uçaryň ýykylmagyna tehniki näsazlyklar sebäp bolandyr diýildi, emma şübheler uzaga gitmän delillere aýlandy, şol sanda raketa hüjümini görkezýän wideolar peýda boldy.

Bu howa betbagtçylygy Eýranyň 8-nji ýanwarda ABŞ goşunlarynyň Yrakda ýerleşýän bazalaryny raketa zarbasyna tutmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Tähran bu hüjümi 3-nji ýanwarda Bagdatda ABŞ zarbasy esasynda öldürilen general-maýor Kasem Suleýmaniniň aryny almak barada beren wadalaryndan soň etdi.


Bu ýagdaý ekspertleriň köpüsiniň Eýranyň howa goranyş batareýalary ýolagaçy uçaryny ABŞ-nyň Tährandan ar aljak bolýan uruş uçary hasaplan bolmasyn diýip şübhelenmegine sebäp boldy.

Bu hili çaklamalar orta atylandan soň, Eýranyň milli awiasiýa departamentiniň başlygy Ali Abedzadeh metbugat ýygnagynda çykyş edip, “biz üçin aýdyň zat we biz munygypynç etmän aýdyp biljek, uçary hiç bir raketa urmady” diýdi.

“Eger-de olar [Günbatar liderleri] muňa hakykatdanam ýetik bolsalar, onda olar gelmeli we, halkara ölçegleri esasynda, dünýä öz delillerini görkezmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 10-njy ýanwarda “Biz uçaryň eýran raketasy bilen urlup ýykylana çalym edýändigine ynanýarys” diýip, Kanadanyň we Britaniýanyň resmileriniň aýdan sözlerine gol ýapdy.

Kanadanyň daşary işler ministri Francois-Philippe Champagne Kanada Britaniýa, Ukraina, Şwesiýa we Owganystan bilen bilelikde, pidalaryň maşgalalaryna kömek etmek üçin, utgaşdyryjy topar döretdi diýdi.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG