Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ekspertlere uçar hadysasyny derňemäge ýol açýar, Fransiýa Tähranyň ýadro ýaragyny edinip biljegini duýdurýar


Halas edijiler uçaryň ýykylan ýerinde gözleg çärelerini geüçirýärler.

Eýran ukrain derňewçilerine ýykylan uçaryň galyndylaryny baryp görmek rugsadyny berdi.

Ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň edarasy beýanat çap edip, hadysada ýogalan ukrainalylaryň jesetlerini anyklaşdyrmak üçin olaryň garyndaşlarynyň DNA maglumatlarynyň toplanýandygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, beýanatda “derňewiň anyk detallary aýan etmeginden entek juda irdigi” bellenildi.

Şeýle-de Eýran, ozalky pozisiýasyndan biraz yza çekilip, ABŞ-nyň hadysa-derňewi agentligini we beýleki halkara ekspertlerini Tähranyň golaýynda bolan uçar hadysasynyň derňewine kömek etmäge çagyrandygyny aýdýar.

Bu karar 10-njy ýanwar güni irden, ABŞ-nyň, Kanadanyň we Britaniýanyň resmileri Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň uçary, belki-de ýalňyşlyk bilen, eýran raketasy arkaly urlup ýykylana “örän” çalym edýär diýenlerinden soň yglan edildi.

Eýran resmileri öz howa goragy güýçleriniň “Boeing 737-800” uçaryny urup ýykandygy baradaky çaklamalary kesgin ret edýärler we Günbatar ýurtlaryny bu işiň şeýle bolandygyny aňladýan islendik aňtaw maglumatyny paýlaşmaga çagyrdylar.

Eýranyň awiasiýa häkimiýetleriniň başlygy Ali Abedzadeh, ABŞ-nyň Milli transport howpsuzlygy geňeşi we “Boeing” uçaryny öndüriji bilen bilelikde, Tähranyň ukrainaly, fransiýaly, kanadaly ekspertleriň uçar hadysasynyň derňewine gatnaşmagyna ýol berjekdigini aýtdy.

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau biraz öň Ottawada gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş edip, "köp sanly" aňtaw maglumatlarynda getirilýän subutnamalar Ukrainanyň Tähranyň golaýynda ýykylan ýolgaçy uçaryny eýran raketasynyň urup ýykandygyny görkezýär diýdi.

Ol munuň "bilkastdan däl" bolmagynyň mümkindigini belledi.

Trudeau bu sözleri ady aýdylmadyk ABŞ resmileriniň Tähranyň golaýynda ýykylan ukrain ýolagçy uçarynyň Eýran tarapyndan ýalňyşlyk esasynda urlup ýykylandygyna ynanýandyklaryny aýtmaklarynyň yz ýanyndan dile getirdi.

Ady aýdylmadyk resmiler özleriniň uçar, hemra, radar we elektron maglumatlary esasynda, Eýranyň howa goranyş ulgamlarynyň ýalňyşlygy esasynda urlup ýykylandygyna ynamlydyklaryny aýtdylar diýip, ABŞ mediasy 9-njy ýanwarda habar berdi.

Eýran uçar heläkçiligine raketa urgusynyň sebäp bolandygyny ret etdi we beýle ssenariýanyň "manysyzdygyny" aýtdy.

Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň PS 752 uçary Eýranyň paýtagtyndan asmana galyp, Kiýewe dolanyp gelýärkä heläkçilige uçrady we onuň bortundaky adamlaryň ählisi, 176 adam heläk boldy.

Bu betbagtçylyk Eýranyň ABŞ-nyň Yrakda ýerleşýän howa bazalaryna ballistik raketa hüjümlerini etmeginiň yz ýanynda bolup, uçaryň urlup ýykylan bolmak ähtimallygy barada çaklamalaryň döremegine itergi berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu uçar heläkçiligi babatda özüniň "şübheli" bolandygyny aýtdy we uçar "örän gowgaly ýerden uçup barýardy, ony kimdir biriniň ýalňyşyp urup bilmegi mümkin" diýdi.

"Käbirleri munuň mehaniki ýagdaýda bolandygyny aýdýar. Meniň özüm bu bir sorag diýip hem pikir etmeýärin" diýip, Tramp aýtdy "nämedir bir elhenç zat boldy" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň baş howpsuzlyk resmisi Oleksiý Danilow biraz öň ýurt uçaryň reketa urgusy esasynda ýykylmak ähtimallygyny barlaýar diýdi.

Uçaryň ýykylmagynyň esasy sebäpleriniň arasynda Orsýetde öndürilen “Tor” zenit-raketa toplumyndan urulmak ähtimallygy hem bar diýip, Danilow “Senzor.net” neşirine aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ukrain ekspertleri uçar heläkçiliginiň esasy dört ähtimallygyny işläp düzýärler.

Raketa bilen urulmak ähtimallygyndan başga, uçaryň adamsyz uçar ýa başga bir obýekt bilen çakyşmak, motorynyň tehniki sebäpler esasynda ýarylmak, uçaryň bortundaky terror akty esasynda ýarylmak ähtimallyklary hem öňe sürülýär.

"Newsweek" žurnaly Pentagona we ABŞ-nyň uly derejeli aňtaw resmilerine, şeýle-de Yragyň bir aňtaw resmisine salgylanyp, olaryň ukrain uçarynyň Orsýetde öndürilen "Tor" rakatesy bilen urlandygyna ynanýandyklaryny aýtdy.

CBS News, ABŞ aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, hemranyň iki sany raketa atyş "ýalpyldysysyny" tutandygyny, şondan soň bir partlamanyň ýalkymyny bellige alandygyny habar berdi.

Pentagon düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.

Eýranyň Transport ministrligi beýanat çap edip, "uçaryň raketa urgusy esasynda ýykylandygy baradaky çaklamanyň düýpden dogry bolup bilmejekdigini" aýtdy.

"Şol wagt Eýranyň howa giňişliginde 2,440 metr belentlikde birnäçe içerki we halkara uçary uçup barýardy" diýip, ministrlik aýtdy.

"Bu hili gep-gürrüňleriň manysy ýok" diýip, Eýranyň Raýat awiasiýa guramasynyň başlygy, transport ministriniň orunbasary Ali Abedzadeh öz beýanatynda aýtdy.

Eýranyň Raýat awiasiýasy guramasynyň 9-njy ýanwarda çap eden deslapky hasabatyna görä, uçar ýykylmazyndan öň, asmanda ot alypdyr.

Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň “Boeing 737-800” uçary 8-nji ýanwarda Kiýewe ugrap, Tähranyň Ymam Homeýni aeroportundan asmana göterilenden gysga wagt soň heläkçilige uçrady.

Hasabatda uçary ýerden we geçip barýan uçardan gözi bilen gören şaýatlaryň beren görkezmelerine esaslanyp, uçar entek asmandaka ot alypdyr diýen netije çykarylýar.

Ýykylan "Boeing" uçarynda Eýranyň 82, Kanadanyň 63, Şwesiýanyň 10 raýaty, dört owganystanly, üç germaniýaly we üç britaniýaly, 11 ukrainaly, şol sanda dokuz ekipaž agzasy heläk boldy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, 6-njy ýanwarda nobatdaky tehniki gözegçilikden geçirilen 3 ýaşly uçar anyklaşdyrylmadyk tehniki problema sebäpli, uçanyndan gysga wagt soň yzyna dolanýar.

"Başda aeroport zonasyny terk etmek üçin günbatara tarap ugur alan uçar, problemadan soň saga öwrüldi we ýykylan wagtynda yzyna, aeroporta tarap gelýärdi, ol hiç bir näsazlyk signalyny ibermedi, ýerdäki gözegçilik bilen habarlaşmady” diýip, hasabatda aýdylýar.

Ukrainanyň Tährandaky ilçihanasy başda heläkçilige uçar motoryndaky näsazlygyň sebäp bolandygyny aýtdy, emma soň bu beýanaty aýyrdy.

Eýranyň döwlet mediasy başda uçaryň ýykylandan soň ot alandygyny habar berdi. Emma döwlet TW-si tarapyndan efire berlen wideo uçaryň garaňky asmandan inip gelýärkä ot alandygyny görkezdi.

Ukrainadan 9-njy ýanwarda Tährana baran 45 derňewçiniň häzir hadysanyň bolan ýerine baryp, heläkçiligiň sebäplerini anyklamaga çalyşjakdygy aýdylýar.

Ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň eýranly kärdeşi bilen eden telefon gürrüňinde Hassan Rohani "Eýranyň Ukrainadan gelen ekspertler toparyna zerur bolan ähli maglumata elýeterlilik döretjekdigini" nygtady diýip, ukrain prezidentiniň edarasy aýtdy.

Şu aralykda Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Yves Le Drian, eger-de Tähran dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozmagyny dowam etdirse, bir ýa iki ýylda ýadro ýaragyny edinip biler diýip, duýduryş berdi.

Bu beýanat Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 10-njy ýanwarda geçirilýän adatdan daşary duşuşygynyň öňünden edildi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG