Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň bölüniji sebiti Abhaziýada ‘prezident saýlawlarynyň’ netijeleri ýatyryldy


Suhimide ses berişligiň netijelerine garşy proteste gatnaşyjylar. 10-njy sentýabr, 2019.

Gürjüstanyň bölüniji regiony bolan Abhaziýanyň de-fakto Ýokary sudy geçen ýyl geçirilen “prezident saýlawlarynyň” netijelerini ýatyryp, ses berişligi täzeden geçirmegi buýurdy.

Öz-özlügindäki sudýalar 10-njy ýanwarda aşakky suduň sentýabrda geçirilen “prezident saýlawlarynda” Raul Khajimba ýeňdi diýen kararyny ýatyrmaly etdiler. Bu karar oppozisiýanyň prezidentlige kandidaty bolan Alkhas Kvitsinianyň eden şikaýatyndan soň kabul edildi.

De-fakto Ýokary sud saýlaw häkimiýetleriniň täze saýlaw senesini bellemeklerini buýurdy. TASS habar gullugy Khajimbanyň we onuň tarapdarlarynyň bu kararyň üstünden şikaýat etjekdiklerini habar berdi.

Geçen ýyldaky ses berişligiň netijeleri ýüzlerçe oppozisiýa aktiwisti tapgyr iki gün regional paýtagta toplanyp, seperatist lideriň Suhumidäki edarasynyň öňünde onuň işden çekilmegini talap edeninden soň ýatyryldy.

Abhaziýanyň de-fakto parlamenti 9-njy ýanwarda, demonastrasiýaçylar de-fakto prezident dolandyryşynyň ýerleşýän binasyna zabt edeninden soň, separatist lideriň işden çekilmegine çagyrdy.

AÝ/AR-nyň regiondaky habarçysy onlarça protestçiniň binanyň içine urup girendigini, ýüzlerçe adam daşardan “Khajimba, güm bol-da git!” diýip gygyrýan wagtynda birinji gatdaky äpişge aýnalarynyň tas ählisiniň döwlendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG