Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümetçi neşir türkmen uçarlarynyň ýoluny 'howpsuzlyk üçin' üýtgedendigini aýdyp, serhet 'ýapylmasyny' agzamaýar


Türkmen uçary
Türkmen uçary

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň howa gatnawlarynyň ählisiniň Eýranyň howa giňişigini ulanmagy wagtlaýyn bes edildi diýip, türkmen hökümetine tarapdar “Orient” neşiri maglumatyň çeşmesini aýtmazdan habar berýär.

Bu karar üstaşyr uçar gatnawlaryna, şol sanda eýran uçar menzillerinde gonýan uçarlara deň derejede degişli.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan” awikompaniýasy 10-njy ýanwarda planlaşdyrylan Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugry we 13-nji ýanwarda planlaşdyrylan Aşgabat-Dubaý-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlaryny hem wagtlaýyn duruzýar diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de “Türkmenhowaýollary” şu ýylyň 2-nji fewralynda Saud Arabystanynyň Jidda şäherine we Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpura yzygiderli uçuşlary amala aşyrmaga başlaýar diýip, hökümete tarapdar neşir ýazýar.

Bu ugurlar boýunça howa gatnawlary “Boeing – 777-200 LR” howa gämileri tarapyndan amala aşyrylar.

Azatlyk radiosy 10-njy ýanwarda, “Turkmen’news” neşiriniň 8-nji ýanwarda çap eden maglumatyna salgylanyp, türkmen uçarlarynyň Eýranyň howa giňişligini ulanmagyny bes edip, ozalky ugruny üýtgedendigine, emma türkmen döwlet mediasynyň bu barada ýolgaçylara maglumat bermekden geçen, goňşy Eýran bilen bagly habarlardan örän çeke durýandygyna ünsi çekdi.

Şu aralykda Pakistanyň senatynyň (ýokarky palatasynyň) başlygy Sadik Sanjarani 9-njy ýanwarda Yslamabatda Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda göni uçar gatnawyny ýola goýmak meselesini gozgady. Bu teklip Pakistan bilen Aşgabadyň indi gurulmaly TOPH geçirijisi arkaly akdyryljak gazyň bahasy üstünde täzeden gepleşýän wagtynda edilýär.

Şu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, 8-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhet geçelgeleri hem ýapyldy.

Aşgabadyň etegindäki Bajgyran, Etrek şäherçesiniň alkymyndaky Etrek, şeýle-de Saragtyň golaýyndaky Saragt we Artykdaky Artyk serhet geçelgeleri eýýäm üç gün bäri ýapyk diýip, neşir şz çeşmelerine salgylanp ýazýar.

Aýdylmagyna görä, serhetden ne ýük, ne adamlar, ne-de saglyk barlaglary üçin Eýrana barýan adamlar goýberilýär.

Eýrandan azyk we senagat harytlaryny getirmek bilen meşgullanýan telekeçiler “Türkmenistanyň hronikasynyň” habarçylaryna serhetçileriň bu ýapyklyga hiç bir sebäp görkezip bilmeýändiklerini, şeýle-de olaryň geçelgäniň haçan gaýtadan açyljagyny bilmeýändiklerini aýdypdyrlar.


Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň ýolagçy uçarynyň Tähranyň golaýynda heläkçilige uçramagy bilen baglylykda 8-nji ýanwarda ukrain kärdeşine, 9-njy ýanwarda eýranly kärdeşine gynanç hatlaryny iberdi.

Mundan öň, Eýranyň “Kuds” güýçleriniň generaly Kasem Suleýmani Bagdatda ABŞ zarbasy esasynda öldürilenden iki gün soň, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif türkmenistanly kärdeşi Reşit Meredow bilen telefonda gürleşdi diýip, eýran mediasy habar berdi.

Emma türkmen mediasy raýatlary bu maglumatdan habarly etmegi zerur hasaplamady.

Emma muňa garamazdan, ýurduň Daşary işler ministrligi Aşgabatda 9-njy ýanwarda "türkmen döwletiniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi saklamakda eýeleýän orny barada" edilen maslahat hakynda habar berdi.

Bu maslahat Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Eýranyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Golam Abbas Arbab Hales arasynda geçirilen duşuşyk mahalynda edildi.

Emma türkmen DIM-niň websaýtynda-da, döwlet eýeçiligindäki metbugatda hem Eýranda bolýan we soňky günlerde dünýäniň habar serişdeleriniň baş temasyna öwrülen wakalar, şeýle-de olar bilen bagly uçar gatnawy, serhet geçelgeleriniň wagtlaýyn ýapylmagy barada tasdan hiç bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG