Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 'gahrymanlar' meselesinde garşylyk döredi, Türkmen TW-si bitarap bolmady


GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet baştutanlarynyň sammitini türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow açdy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän sammitinde ilkinji bolup söz sözlän iki lideriň, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiýanyň arasynda ýygnanyşygyň esasy meselesi – 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşyk ýurtlaryna we dünýä jemgyýetçiligine ediljek ýüzlenme boýunça gapma-garşylyk döredi.

Türkmen döwlet telewideniýesi Alyýewiň Azerbaýjanda 1990-njy ýyllaryň başynda 9-njy maýda bellenen Ýeňiş gününiň ýatyrylyşy, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda, azeri lideriniň sözi bilen aýtsak, faşist jelladynyň, watan dönüginiň ýadygärliginiň dikilişi, muňa Moskwanyň bildiren garşylygy barada aýdan sözlerini doly bolmasa-da efire berdi, emma Paşinýanyň bu mesele boýunça aýdan sözlerini başlap-başlamanka kesip, efire bermekden saklandy.

Synçylar türkmen TW-siniň bu hereketi bilen Azerbaýjanyň tarapyny tutandygyny, ermeni tarapynyň öz pikirini eşitdirmek hukugyny kemsidendigini aýdýarlar.



Metbugat materiallaryndan görnüşi ýaly, häzir türkmen mediasy 1941-45-nji ýyllaryň urşuny Beýik Watançylyk urşy diýip atlandyrýar. Emma garaşsayzlyk ýyllarynyň başynda bu uruş belli bir döwürde II Jahan urşy diýlip atlandyryldy, respublikada ozal her ýyl esasy baýramçylyklaryň biri bolan Ýeňiş gününden 12-nji ýanwarda bellenilmeli edilen Hatyra güni ýokaryk galdyryldy, Aşgabadyň merkezinde Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna dikilen iň uly ýadygärlik şäheriň çetine göçürildi.

Emma soň, synçylaryň pikiriçe, Aşgabat agalyk ideýalaryny dekeltmäge synanýan Moskwanyň basyşyna ýan berip, başdaky pozisiýalaryndan yza çekildi, Türkmenistanyň rus şalygy tarapyndan basylyp alnan gününde belläp başlan Hatyra gününi başga güne geçirdi.

Pyragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň bir taraply wagyz edilişi ozaly bilen Moskwa gerek, sebäbi häzirki rus syýasatçylary kommunistik ideologiýadan ugur alýarlar we nemes faşistleri bilen bolan uruş baradaky ähli hakykatyň açylmagy Kreml üçin peýdaly bolup görünmeýär.


Ýazyjynyň sözlerine görä, Kreml şol ýeňşi dabaralandyrmak bilen özüni, rus agalygyny dabaralandyrmak isleýär, sebäbi kommunistleriň geçmiş taryhynda ýeke-täk we iň uly edilen iş Beýik Watanýylyk urşunda gazanylan ýeňiş ýa-da oňa goşulan goşant hasap edilýär.

Ýagny, ruslar bolmadyk bolsa, nemes faşistlerinden üstün çykmak mümkin bolmazdy, ozal ruslary diňleýşiňiz ýaly, ýene-de ruslary diňläň diýmekçi bolýarlar diýip, H.Hally Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Öňki SSSR-iň synmagynyň öň ýanyndaky ýyllarda ozal halkdan gizlin saklanan taryhy faktlaryň köpüsiniň üsti açyldy we taryhy dokumentler, taryhy şahslaryň beren gürrüňleri esasynda ozal uruşdan soňky nesillere mälim edilmedik hakykatyň belli bir bölegi jemgyýetçilige aýan boldy. Hatda Wiktor Astafýew ýaly urşa gatnaşan, üstesine sylagly ýazyjy hem bu urşy dünýä taryhynda iň masgaraçylykly uruş hökmünde häsiýetlendirdi.

Aýdylmagyna görä, Iosif Stalin uruşdan soňky başky ýyllarda 9-njy maýy baýram etmäge, ol günde harby parad geçirmäge milt etmändir, sebäbi şol wagtlar Moskwada uruşda maýyp bolan we gidere ýer tapman, köçede ýatyp ýören uruş weteranlary kän eken, olar protest çärelerini geçirip, öz haklaryny talap edipdir.

Emma soň şäher, batyrlanan Staliniň buýrugy bilen, “gahrymanlardan arassalanýar” we baýramçylyk dabaralary uludan tutulyp, uruşda gazanylan ýeňiş ýyl-ýyldan güýçli wagyz edilip başlanýar.

Eger-de GDA ýurtlary häzir Moskwanyň talabyna boýun bolup, urşuň ozalky, sowet döwründe düşündirilişine gaýdyp gelseler, gelýän nesiller geçmişe baha bermek, geljege düşünmek mümkinçiliklerini ýene ýitirerler diýip, Hudaýberdi Hally pikir edýär.


Günbatar ýurtlaryndaky telekanallarda görkezilýän dokumental ýazgylaryň tassyklamagyna görä, urşuň başky ýyllarynda 1 nemes esgerini öldürmek üçin SSSR-iň 10 esgeri ölmeli bolýan eken.

“Nemesler Moskwanyň etegine gelende, adamlary köpçülikleýin urşa sürüpdirler. Olaryň arasynda ýaragsyz, dil bilmeýän türkmenler hem kän eken” diýip, ýazyjy aýdýar.

Ýazyjynyň pikiriçe, häzir hakykatda uly betbagçylyk bilen gazanylan ýeňşi ozalky gyzyl Moskwanyň pozisiýasyndan düşündirmek, bu pozisiýasyny ýene öňki sowet respublikalarynyň, sosialistik lagere giren ýurtlaryň boýnuna zor bilen dakmak synanyşygy edilýär we bu Kremliň agalygyny gaýtadan dikeltmek bilen bagly.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG