Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň bäsdeş liderleri Moskwada parahatçylyk gepleşiklerini geçirýärler


Moskwadaky gepleşikleriň dowamynda Liwiýadaky ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyna gol goýulmagyna garaşylýar.
Moskwadaky gepleşikleriň dowamynda Liwiýadaky ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyna gol goýulmagyna garaşylýar.

Moskwada Liwiýanyň öz aralarynda uruş alyp barýan bäsdeş liderleri parahatçylyk gepleşiklerini geçirýärler. Bu barada rus Daşary işler ministrligi maglumat berýär.

13-nji ýanwardaky gepleşiklere Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetiniň ýolbaşçysy Faýez al-Sarraj we Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne ýolbaşçylyk edýän Khalifa Haftar hem gatnaşar.

Russiýanyň Liwiýa boýunça habarlaşyk toparynyň başlygy Lew Dengowyň sözlerine görä, gepleşikleriň dowamynda iki tarap “ok atyşyklary bes etmek boýunça ylalaşyga gol goýmak mümkinçiliklerini we şeýle dokumentiň jikme-jiklerini” maslahat ederler.

XS
SM
MD
LG