Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin birinji çaga üçin ene sermaýasyny, 1-4-nji klas okuwçylaryny mugt naharlamagy teklip edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin birinji çagasy bolan aýala ene sermaýasyny tölemegi teklip etdi, ikinji çaga doglanda bolsa, bu maýa 150 rubl köpeldiler diýip, Azatlyk radiosynyň Rus gullugy habar berýär.

Döwlet baştutany bu teklibi Federal geňeşiň ýygnagynda eden çykyşynda etdi.

Täze düzgün 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. Maşgalalar birinji çagalary bolanda, 466 müň rubl alarlar. Ikinji çagasy doglan maşgala 616 müň rubl berler. Bu möçberdäki pul her ýyl indeksirlener. Ene sermaýasy programmasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltmak karar edildi. Öňki tölegler 2022-nji ýyldan soň togtadylmaly edilipdi.

"Gepiň keltesi, hemmeler dogurmaly. Dördünjä hem gitmeli bolar" diýip, Margarita Simonýan 15-nji ýanwarda twitterde galdyran ýazgysynda aýtdy.

Putin ýaşaýyş minimumyndan az girdejili maşgalalara 3 ýaşdan 7 ýaşa çenli çagalar üçin çaga puluny tölemegi girizmegi teklip etdi. 2020-nji ýylda bu tölegiň möçberi 5,5 müň rubl bolar, 2021-nji ýyldan bolsa, 11 müň rubla çenli köpeler.

Şeýle-de prezident bütin ýurt boýunça mekdep okuwçylarynyň ählisini 1-nji klasdan 4-nji klasa çenli pulsuz gyzgyn nahar bilen naharlamagy teklip etdi.

Maliýe ministri Anton Siluanowyň sözlerine görä, Putin tarapyndan teklip edilen üýtgeşmeler we tölegler şu ýyl ýurduň býujetine 400-450 milliard rubla düşer.

"Putin 20 ýyl häkimiýetde boldy. Dyzdan galdyrdy, durnuklylyk döretdi. Trillionlap nebit dollaryny özleşdirdi. Ine birdenem, garyplyk bilen göreş we demografiýany gowulandyrmak üçin, tölegsiz mekdep naharlarynyň gerekdigi belli bolýar. Ýagny, Putin döwründe baýan orsýetlileriň öz çagalaryny naharlamaga puly ýok bolup çykýar" diýip, Alekseý Nawalnyý öz twitter hasabynda belledi.

Ene sermaýasy programmasy 2007-nji ýylda girizildi. 2015–2019-njy ýyllarda onuň möçberi maşgalanyň ikinji çagasy bolanda ýa-da ogullyk, gyzlyk alnan ýagdaýynda, 453 müň rubl möçberinde boldy.

AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň materialy esasynda taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG