Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin halka ýüzlenmesinde Konstitusiýa üýtgetmelerini teklip etdi, hökümet işden çekildi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin söz sözleýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin söz sözleýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň parlamentiň öňünde edýän ýyllyk halka ýüzlenmesini içerki meseleleri, şol sanda Orsýetiň ilatynyň azalmagy bilen bagly problemalary çözmek üçin ulandy.

Ol özüniň bir ýarym sagatlyk çykyşynda sosial tölegler üçin 3 tillion rubl serişde goýbermegi wada berdi.

Şeýle-de Putin ýurduň konstitusiýasynda giň ýütgetmeleri geçirip, 2024-nji ýylda öz prezidentlik möhleti tamam bolmazyndan öň parlamentiň ygtyýarlyklaryny güýçlendirjek çäreleri görmäge çagyrdy.

Şu aralykda Orsýetiň hökümeti işden çekildi. Bu barada premýer-ministr Dmitriý Medwedew habar berdi diýip, rus mediasy ýazýar.

Hökümet prezident Putiniň halka ýüzlenmesinden birnäçe sagat soňra işden çekildi, sebäbi ol ýüzlenmede ýurduň syýasy ulgamyny düýpli üýtgetjek Konstitusiýa üýtgetmelerini teklip etdi.

Putin ýurduň 1993-nji ýylda kabul edilen konstitusiýasynyň üýtgedilmelidigini, şol sanda Döwlet dumasyna, parlamentiň aşaky öýüne Ministrler kabinetiniň ministrlerini we premýer-ministri bellemäge hukuk berilmelidigini aýtdy. Häzir bu hukuk prezidente degişli.

Şol bir wagtda Putin Orsýet “güýçli prezident respublikasy” bolup galmaly, prezident premýer-ministri we ministrleri wezipeden aýryp bilmeli, ýokary goranyş resmilerini belläp bilmeli diýdi.

"Bu ýurduň parlamentiniň ähmiýetini artdyrar” diýip, Putin belledi. Şeýle-de ol prezident boljak adam üçin talaplaryň berkidilmelidigini, kandidatyň ýurtda azyndan 25 ýyl ýaşan we daşary ýurt raýatlygy bolmadyk adam bolmalydygyny aýtdy.

Putin Orsýetiň iki palataly parlamentinde, Fderal geňeşiň ýygnagynda sözlän sözünde häkimiýetler ýurtda çaga dogulmagynyň derejesini ýokarlandyrmak we ýaş enelere goldaw bermek üçin has kän tagalla etmeli diýdi.

Putiniň pikiriçe, girdejileriň pes bolmagy ýurduň ilat sanynyň artmagynyň öňündäki päsgelçilik bolup galýar. Häzir 147 million çemesi ilaty bolan ýurt, sowetlerden soňky ykdysady çöküş netijesinde, çaga dogulmagynyň derejesiniň kesgin aşak gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Hökümet çaga dogurýanlaryň köpelmegi üçin çagalary bolan maşgalalara goşamça subsidialary teklip eder diýip, Putin wada berdi.

Bu wadalar ýurduň şindi hem Günbatar sanksiýalarynyň astynda galýan wagtynda berilýär. Bu sanksiýalar Moskwanyň Ukrainadaky we Siriýadaky hereketleri, şeýle-de Birleşen Ştatlardaky saýlawlara gatyşmagy sebäpli girizildi.

Bu gadaganlyklar ýurduň ykdysady ösüşini haýalladyp, garyplyk derejesiniň ýokarlanmagyna, geçen tomusda Moskwada we beýleki şäherlerde guralan köpçülik protestlerinden görnüşine görä, raýatlaryň nägilelikleriniň ösmegine alyp geldi.

Orsýetiň döwlet pikir soraýjysynyň 2019-njy ýylyň maýynda geçiren pikir soramalarynyň görkezmegine görä, Putine bolan jemgyýetçilik ynamy 13 ýyldaky iň pes derejesine düşdi.

1999-njy ýyldan bäri ýa prezident, ýa premýer-ministr bolup işlemek bilen, 67 ýaşyndaky Putin soňky ýigrimi ýylda rus syýasatyna agalyk edýär, ol 2018-nji ýylda ýene bir alty ýyllyk möhlet bilen gaýtdadan prezidentlige saýlandy.

Moskwanyň Manež sergi zalynda guralýan ýüzlenme çykyşy prezidentiň her ýylda yzygiderli edýän üç çykyşynyň biri bolup durýar. Onuň beýleki çykyşlarynda jemgyýet bilen giňişleýin sorag-jogap mejlisi we döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk metbugat ýygnagy geçirilýär.

Bu Putiniň hökümet ministrleriniň, konstitusion suduň we ýokary suduň sudýalarynyň, regional ýolbaşçylaryň we Orsýetiň syýasy elitasynyň beýleki agzalarynyň gatnaşmagynda jemlenen diňleýjileriň öňünde sözlän 16-njy sözi boldy.

Putin özüniň geçen ýylda eden 90 minutlyk çykyşyny, eger-de Waşington Ýewropada orta aralyk raketalaryny ýerleşdirmekçi bolsa, Moskwanyň görjek çärelerini ýaňzydyp, Birleşen Ştatlara garşy täze haýbat atmak üçin ulandy.

Putin 2018-nji ýylda sözlän sözünde esasan ýurduň harbylarynyň ýaraglanyş kuwwatynyň artdyrylyşy barada durup, Moskwanyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk alty sany ýadro ýaragyny edinendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG