Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet dumasy Putiniň kandidatyny PM wezipesine tassyk etdi


Döwlet dumasynyň deputatlary Mihail Mişustiniň kandidatlygyna seretjek mejlise gatnaşýarlar. 16-njy ýanwar, 2020.

Orsýetiň Döwlet dumasy Mihail Mişustini premýer-ministriň wezipesine tassyk etdi.

Orsýetiň dolandyryjy partiýasy biraz öň prezident Wladimir Putiniň birden ýurduň syýasy ulgamyny üýtgetmeginiň çäginde premýer-ministrlige hödürlän kandidatyny goldajakdygyny aýtdy.

“Bitewi Orsýet” partiýasy 16-njy ýanwarda özüniň Mihail Mişustine, Putin tarapyndan teklip edilen salgyt başlygyna “biragyzdan goldaw” berjekdigini aýtdy. Putin ony bir gün öň işden çekilen premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň ornuna teklip etdi.

Medwedew we onuň hökümeti Putiniň ýyllyk halka ýüzlenmesinde konstitusiýany parlamenti güýçlendirmegiň hatyrasyna düýpli üýtgetmek üçin referendum geçirmäge çagyrmagy netijesinde işden çekildi.

W.Putin M.Mişustini PM wezipesine teklip etdi.
W.Putin M.Mişustini PM wezipesine teklip etdi.

Bu konstitusiýa üýtgetmeleri Orsýete 20 ýyllap ýolbaşçylyk eden we 2024-nji ýylda prezidentlik ygtyýarlyklary gutarýan Putiniň hem çäksiz häkimiýetde saklanmagyna kömek eder.

"Biz öz milli liderimiz tarapyndan hökümet başlygy wezipesine teklip edilen kandidata biragyzdan goldaw bildirmek kararyna geldik” diýip, “Bitewi Orsýet” partiýasynyň parlament fraksiýasynyň başlygy Sergeý Newerow žurnalistlere aýtdy. Mişustiniň kandidaturasy şu gün kanun çykaryjylar tarapyndan sese goýuldy.

“Bitewi Orsýet” partiýasy parlamentiň aşaky öýünde orunlaryň dörtden üçüsini eýeleýär we olaryň goldawy Mişustiniň tassyk ediljekdigini aňlatdy..

53 ýaşyndaky Mişustin hökümetde 1998-nji ýyldan bäri işleýär we 2010-njy ýyldan bäri Federal salgyt gullugyna ýolbaşçylyk edýär.

Synçylaryň pikiriçe, Putiniň hiç bir syýasy agramy bolmadyk adamy, Mişustini premýer-ministrlige seçmegi onuň hiç bir garaşsyz rolunyň bolmajakdygyny aňladýar, şeýle-de olar prezidentiň sözlän dramatik sözüniň 2024-nji ýyl üçin taýýarlyk bolup görnendigini, şonda onuň 67 ýaşynda prezidentligini terk etmeli boljakdygyny aýdýarlar.

Putin prezidentiň ýa premýer-minsitriň wezipesini 1999-njy ýyldan bäri dowamly ýerine ýetirýär we 2018-nji ýylda häzirki konstitusiýa esasynda soňky alty ýyllyk prezidentlik möhletine saýlandy.

Putin by çäreleri Orsýetiň Federal geňeşiniň ýygnagynda sözlän sözünde yglan edip, 1993-nji ýylyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmelidigini, şol sanda Döwlet dumasyna, parlamentiň aşaky öýüne Ministrler kabinetiniň agzalaryny we premýer-ministri wezipä bellemek hukugyny bermelidigini aýtdy. Bu hukuk häzir prezidente degişli.

Şol bir wagtda, Putiniň aýtmagyna görä, Orsýet “güýçli prezident respublikasy” bolmagynda galar, ýagny prezidentiň premýer-ministri we Ministrler kabinetiniň agzalaryny wezipesinden boşatmak, ýokary goranyş we howpsuzlyk resmilerini wezipä bellemek hukugy bolar.

Medwedew prezidentiň sözlän sözünden birnäçe sagat soň Putin bilen görşüp, telewideniýede göni alnyp görkezilen duşuşyk mahalynda hökümetiň işden çekilýändigini yglan etdi.

Orsýet soňky referendumyny 1993-nji ýylda, Putini ornuna getiren Boris Ýeltsin döwründäki konstitusiýany kabul edende geçirdi.

Şeýle-de Putin prezident bolmak üçin edilýän talaplaryň berkidilmelidigini, geljekde Orsýetiň prezidenti boljak islendik adamyň ýurtda azyndan 25 ýyl ýaşan bolmalydygyny we hiç bir daşary ýurt raýatlygynyň ýa oturym rugsadynyň bolmaly däldigini aýtdy.

Mundan başga, ol konstitusiýa giriziljek üýtgetmeleriň içerki kanunçylygyň halkara kanunçylygyna garanda artykmaçlyklaryny giňeltjegi barada hem gürrüň etdi.

Bu söz ýurt Ukrainadaky, Siriýadaky hereketleri, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň saýlawlaryna gatyşandygy üçin Günbatar sanksiýalarynyň astynda galmagyny dowam etdirýän wagtynda sözlendi.

Sanksiýalar ýurduň ykdysady ösüşini haýallatdy we bu ýagdaý ilatyň garyplyk derejesiniň ýokarlanmagyna, geçen tomus Moskwada bolan protestlerden görnüşine görä, nägilelikleriň artmagyna alyp geldi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG