Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda zir-zibil dörýän maşgalalar, ulaglary ýuwýan çagalar köpelýär


Türkmenistanda zir-zibil dökülýän çelekleri dörýän adam. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda zir-zibil dökülýän çelekleri dörýän adam. Arhiwden alnan surat

Soňky aýlarda Mary şäherinde ilat arasynda mätäç, güzeran eklenji üçin zir-zibil çeleklerini dörýän maşgalalaryň we ulaglaryň tekelerini ýuwýan çagalaryň köpelýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Bu maglumatlar Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, azyk önümeleriniň, çörek, un gytçylygynyň we gymmatçylygynyň ýitileşýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Şäherde adamlaryň maddy ýagdaýy gaty gözgyny ýagdaýda. Dworlaryň içinde ýerleşýän hapa dökülýän çelekleri maşgala bolup, elleri bilen dörýän adamlar, çagalar köpelýär. Olar elleri çyraly çelekleriň içindäki paketleri bir-birden açyp dörýärler. Olar azyk önümleriniň galyndylaryny aýratyn bir gaba, plastik boklaşkalary, çüýşeleri başga gaba salýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 17-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Maryly habarçynyň sözüne görä, olar plastik boklaşkalary we çüýşeleri satmak üçin çöpleýärler. Her plastik boklaşkany 20 teňňeden satyn alýarlar.

“Muny görmek gaty ýürek agyrdýar. Olar gündiz adamlardan utanyp, zir-zibil dökülýän çelekleri gijelerine dörýärler we çagalaryna iýmäge zat gözleýärler” diýip, habarçy belledi.

Galyberse-de, ol gije sagat 20:00-dan soň 6-9-njy klas oglanjyklaryň dükanlaryň we kafeleriň öňünde duran awtoulaglaryň tekerlerini ýuwup, gazanç etmäge synanyşýandygyny hem aýtdy.

“Howanyň temperaturasy -3 gradusa çenli ýetýän şu sowuk günlerde çagajyklar ellerini buz ýaly suwa salyp, ulaglaryň tekerlerini ýuwýarlar. Olar ulagyň eýesi çykanda ‘Tekeriň ýuwanym üçin 1 manat beräý’ diýip soraýarlar. Kähalatda adamlar ‘Men saňa tekeri ýuw diýdimmi?’ diýip, neresse çagalaryň ýüzüni alyp goýberýärler” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bu çagalaryň biri öz maşgalasynda 8 adamyň bardygyny, ýöne olaryň arasynda aýlyk alyp, kadaly işde zähmet çekýäniň ýokdugyny gürrüň berdi.

“Biz diňe çörek iýip günümizi geçirýän wagtymyz bar. Kähalatda öýde iýmäge zat bolmaýar. Ýaşaýşymyz gaty kyn. Bir çörek aljak bolsaň, 3 manat bermeli. Maşgala günde azyndan 4 tegelek çörek gerek bolýar. Şol sebäpli men ulaglaryň tekerlerini ýuwup, maşgalamyza kömek edýärin” diýip, çaga habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi Türkmenistanda zir-zibil dörýän adamlaryň öň hem bardygyny, ýöne ozal beýle iş bilen köplenç arak-şeraba ýa beýleki neşe maddalaryna ýolugan adamlaryň meşgullanandygyny aýdýar.

Soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň hem-de gytçylygynyň, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň fonunda, ýaşaýyş oňşugy kynlaşýan adamlaryň barha köp göze ilýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler. Bu habarlaryň fonunda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny” aýdyp, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikleri ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG