Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dilegçiler, zibil dörýän garrylar we çagalar köpelýär


Student gyzlardan pul soraýan dilegçi. Arhiwden alnan surat. Aşgabat, 2013 ý.

Türkmenistandan soňky aýlarda ilat arasynda mätäç, dilegçilik edýän ýa-da zir-zibilleri dörüp, derege ýarajak zat gözleýän adamlaryň görnetin köpelýändigi barada maglumat gelýär.

Bu maglumatlar azyk önümeleriniň, çörek, un gytçylygynyň ýitileşýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň 15-nji noýabrda beren maglumatyna görä, Türkmenabatda soňky wagtlar elleri taýakly ýa uzyn simli, käbiri ellerine halta alyp, zir-zibil dökülýän çelekleri dörýän adamlar köpeldi. Olar ýollaryň gyralaryndaky, jaýlaryň arasyndaky hapa atylýan çelekleriň ýanynda barha köp göze ilýär.

Ol adamlar zibil çeleklerini gyzyl-dörjük edip, özlerine gerek zatlary tapyp alýarlar. Köpüsi ýaşy bir çene baran adamlar. Mallara berip boljak gaty nan, paçak-beýleki tapsalar, garbap alýarlar” diýip, Türkmenabadyň köçelerine aýlanan habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, zibil dörýänler diňe azyk önümlerini däl, demir böleklerini, agaç-tagta, sim-beýleki tapsalar-da, hojalykda bir zada ýarar diýip, alyp gidýärler.

Zibil çeleklerini dörýänleriň arasynda orta ýaşlylar hem az däl, soňky wagtlarda bolsa ýetginjekler, çagalar hem k]pelýär.

Bu çagalar ilki ene-atalarynyň ýanynda kömek edip, zibil dörüp başlaýarlar, soňra özbaşlaryna “işleýärler”. Bu hili çagalaryň hatda okuw ýaşyna ýetmedikleri hem az däl” diýip, habarçy aýtdy.

Zibil dörýän çagalary görende gaharlanyp, olary bu ýerden kowýan adamlar-da, nebsi agyryp, oýünde galan çaga eşiklerini, azyk berip göýberýän adamlar-da bolýar.

Men ilki çagalar zibil atylýan ýerde oýnaýandyr öýdüp, olary kowdum. Emma soň bularyň köpüsiniňzibil gutularyna taşlanan paketleri çykaryp, içinden gaty çörek, paçak, beýleki iýmit galyndylaryny gözleýändiklerini görüp, nebsim agyrdy” diýip, 45 ýaşlaryndaky türkmenabatly zenan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bilemok, olar bu zatlary mallary üçin ýygnaýarmy ýa özleri üçin? Ýöne üsti-başlaryna, ýüz-gözlerineseretseň, ol çagalaryň ýagdaýynyň gowy däldigine düşünýärsiň” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zibil dörýän ýaşulularyň käbiri elleri çyraly, gijelerine “işleýärler”. Olaryň biri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikdebu “käre” mejbury başlandygyny, ilden utanyp, gürrüňini etmezler ýaly, gijelerine işleýändigini gürrüň berdi.

Pensiýam az, özüme ýetenok, şonuň üçin gapdalyndan mal saklaýan, mal iýminiň ýanyna barar ýaly däl, onsoň taşlanan gaty çörek, paçak ýygnap, mallaryma, towuklaryma berýärin” diýip, 65 ýaşlaryndaky türkmenabatly pensioner aýtdy.

Zir-zibil dörýän adamlar öň hem bardy, ýöne ozal beýle iş bilen köplenç arak-şeraba ýa beýleki neşe maddalaryna aňyny aldyran, işe ýaramaýan adamlar meşgullanardy diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan türkemenabatlylar bellediler. “Ýöne soňky wagtlar bu işe akyl-huşy ýerindäki, beden taýdan gurat adamlar hem köp baş goşýar” diýip, 70 ýaşyndaky Hojamyrat aga aýtdy.

Dilegçileriň köpelýändigi baradaky maglumaty “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem tassyklaýar. Neşiriniň ýazmagyna görä, Daşoguzda dilegçilik edýänleriň aglabasy pensionerler we çagaly aýallar. Olar kwartiralara aýlanyp, diňe pul däl, azyk dilegçiligini hem edýärler.

“Mundanam başga, häzir köne-küşül geýnen adamlaryň zibil gutularyny dörüp, iýer ýa-da geýer ýaly zat gözleýişlerini ýygy-ýygydan görse bolýar” diýip, hukuk goraýjy guramanyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanda ilat arasyndaky işsizligiň, garyplygyň derejesi hakynda resmi maglumatlar çap edilmeýär, şol bir wagtda ýurduň prezidenti "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilki ilata ýeňillikli bahalardan berilýän harytlara we hyzmatlara täze nyrhlary girizdi, soň mugt hyzmatlary ýatyrdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG