Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Jübi jennetiniň” awtory şahyrlaryň arzyly baýragyny utdy


"Jübi jennetiniň" jilt suraty
"Jübi jennetiniň" jilt suraty

Eminler "Jübi jenneti" (A Portable Paradise) (“Göterme jennet” diýip hem terjime edilýär) ýygyndysyny "gündelik durmuş külpetleriniň içinden dowamly 'şirinden-şirin ýaşaýyş' delillerini tapmakda" tarypladylar.

Britan-trinidad şahyry, medeni aktiwist we sazanda Rojer (Roger) Robinson "Jübi jenneti" atly goşgular ýygyndysy üçin ilkinji gezek hödürlenende abraýly TS Eliot baýragyna mynasyp boldy diýip, "The Guardian" gazeti 13-nji ýanwarda habar berdi.

Diňe ykrar edilen şahyrlaryň eminlik etmeginde berilýän ýeke-täk poeziýa baýragy (£25,000), neşiriň tanymal şahyr Andrew Motionyň sözlerine salgylanyp häsiýetlendirmegine görä, "şahyrlaryň aglaba köplüginiň iň utmak isleýän baýragy" bolup durýar.


Üç sany goşgular ýygyndysynyň we iki kitapçanyň awtory bolan Robinson öz wagtyny London bilen Trinadadyň arasynda gatnap geçirýär. 52 ýaşyndaky şahyr gündogar Londonda, trinidadly ene-atanyň maşgalasynda dünýä indi we Rojer 3 ýaşyna ýetende, maşgalasy bilen Trinidada dolandy. Emma ol 19 ýaşynda Angliýa dolanyp geldi we şondan bäri bu ýurtda ýaşaýar.

R.Robison uzak wagt bäri dab goşgulary, günbatar Hindistandan uç alýan gürlenip aýdylýan şygyrlary bilen çykyş edýär we rowaç ýazyjylaryň ençemesine, şol sanda dramaturg Inua Ellamse, ýaşyjy we teležurnalist Johny Pittse halypalyk etdi.

Şahyryň abraýly baýraga mynasyp görlen goşgular ýygyndysy kiçijik garaşsyz neşirýat, "Peepal Tree Press" tarapyndan çap edildi.

Jynsparazlyk, ýowuzlyk we Grenfell diňindäki ýangyn barada söz açmak bilen, bu ýygyndy adaty gündelik durmuşyň şadyýan we gözel pursatlaryna syn etmek esasynda düzülipdir diýip, habarda aýdylýar.

Eminleriň başlygy, şahyr John Burnside "Jübi jenneti" "gündelik durmuş külpetleriniň içinden dowamly 'şirinden-şirin ýaşaýyş' delillerini tapmakda taryplady.


Ol eminleriň birnäçe aýlap dürli-dürli kitaplary üns bilen okandyklaryny we Robinsonyň birinji gün, soňky duşuşyklarynda biragyzdan saýlanan şahyr bolandygyny aýtdy.

Azatlyk radiosy Rojer Robinsonyň abraýly poeziýa baýragyna mynasyp bolan ýygyndysynyň adybir goşgusyny – "Jübi jennetini" öz okyjylaryna türkmen dilinde elýeterli etmegi makul bildi.

Jübi jenneti

Eger-de jennetiň gürrüňin etsem,

enem hakda gürlärin men,

maňa ony elmydama ýygşyryp,

bilmez ýaly başga hiç kim

öz ýanymda götermegi öwreden.

Şonda ony, diýerdi ol, çilmezler.

Eger durmuş bassa egniňden aşak,

jübiňde dag gerişlerin sypala,

ýaglygyňdan kokun ysga arçalaň,

burna salyp, hiňlen heňine çala.

Ýöne gaýgy günde gelse, gitmese,

at özüňi boş otaga, parhy ýok,

myhmanhana, ýatakhana ýa küme,

hem çyra tap, dök jennetiň stola:

çägeleriň arassa, ak,

baýyrlaryň gyrymsy, gök,

balyklaryň janly hem ter,

soň çyrany ýak üstünde hamala

daňyň täze umydy dek,

hemem siňe bakyp otur olara,

süýji uka çümýänçäň bek.


Goşgyny iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG