Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ruhy hassahana mejbur edilen blogger ýurdy terk etdi


Nafosat Olloşkurowa

Özbegistanda bardygy aýdylýan korrupsiýa, şeýle-de resmileriň arasyndaky parahorluk barada maglumatlary çap eden blogger, ençeme hepdeläp ruhy hassalar üçin keselhanada saklanandan soňra, ýurdy terk etdi.

Facebookda Şahnam Olloşukurowa lakamy bilen hem tanalýan Nafosat Olloşkurowa 20-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Günbatar ýurtlaryň birinden syýasy gaçybatalga soramakçydygyny aýtdy.

Geçen sentýabrda Olloşukurowa Horezm regionynda, huligançylykda we rugsat berilmedik ýygnanşyga gatnaşmakda aýyplanyp, administratiw tussaglyga höküm edilipdi.

Aýdylmagyna görä, ol bir žurnalistiň özüne garşy bildirilýän aýyplamalaryň aýrylmagyny talap edip geçiren ýörişi barada maglumatlary ýaýradypdyr.

Olloşukurowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, polisiýa ýörişiň arkasynda oppozisiýa wekilleriniň durandygyny aýtdyrmak üçin ony gynapdyr, şeýle-de çüýşe bilen zorlamak haýbatyny atypdyr.

Olloşukurowanyň administratiw tussaglyk möhleti başlanandan birnäçe gün soň, Horezmiň regional sudy ony ýerli psihiatrik hassahana geçirmek barada höküm çykardy. Ol bu ýerde daşardan üzňelikde üç aý töweregi saklandy.

Olloşukurowa dekabryň aýagynda azatlyga goýberildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG