Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin konstitusiýa girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeleri parlamente ýollady


Prezident Wladimir Putin Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň wekilleri bilen maslahat geçirýär. Moskwa. 20-nji ýanwar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň konstitusiýasyna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeleri parlamente ýollady.

Putin 15-nji ýanwarda özüniň ýyllyk halka ýüzlenmesinde ýurduň konstitusiýasynda giň üýtgetmeleri geçirmegi teklip edipdi.

Munuň netijesinde, 67 ýaşyndaky ozalky KGB ofiseriniň dördünji prezidentlik möhleti tamamlandan, ýagny 2024-nji ýyldan hem soňra häkimiýet başynda galmagyna mümkinçiligiň döreýändigi barada çaklamalar orta atyldy.

Putin 1999-njy ýyldan bäri ýa prezident, ýa premýer-ministr bolup işlemek bilen, soňky ýigrimi ýylda rus syýasatyna agalyk edýär, ol 2018-nji ýylda ýene bir alty ýyllyk möhlet bilen gaýtadan prezidentlige saýlandy.

Konstitusion üýtgetmeleriň arasynda parlamente premýer-ministri bellemek ygtyýarlyklaryny bermek, şeýle-de prezidentlik müddetini diňe iki möhlet bilen çäklendirmek ýaly teklipler bar.

Mundanam başga, prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny döwlet edarlaryna, şol sanda Döwlet Geňeşine geçirmek teklip edilýär. Konstitusion üýtgetmelerine laýyklykda, Döwlet Geňeşi ýurduň içerki we daşarky syýasatyny, sosial we ykdysady ösüş maksatnamalaryny kesgitlär.

Teklip edilýän üýtgetmeleriň netijesinde ýurduň konstitusiýasy halkara kanunlaryndan hem üstün saýylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG