Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda çap edilýän türkmen halk ertekileri, olaryň many-mazmuny we dünýä türkmenlerine elýeterliligi


Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halk ertekileri, olaryň many-mazmuny, elýeterliligi we täsir-güýji baradaky söhbetdeşliklere gönükdirilýär.

Millionlarça türkmen daşary ýurtlarda ýaşaýar. Olaryň hatarynda öňden bäri Owganystan Eýran ýaly goňşy ýurtlaryň Türkmenistan serhedine golaý araçäkde ýaşaýan türkmenler bar. Galyberse-de, garaşsyzlyk ýyllarynda-da ep-esli türkmenistanly ykdysady, syýasy ýa-da beýleki sebäpler bilen ýurduň daşyna çykyp, daşary ýurtlarda mesgen tutdy. Olaryň bala-çagalary daşary ýurtlarda dünýä indi.

Sosial media malgumatlaryndan mälim bolşuna görä, daşary ýurtlara ornaşan türkmenistanly maşgalalar öz ýaş çagalarynyň türkmen medeniýetinden, türkmen halk döredijiliginden habarly ýetişmekleriniň tarapdary. Ýöne bu ugurda, sosial media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, käbir kynçylyklar bar. Meselem, olaryň käbirleri türkmen halk ertekileriniň onlaýn ýa-da offlaýn görnüşde özlerine elýetersizdiginden şikaýat edýär. Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda türkmen halk ertekileri, olaryň many-mazmuny, elýeterliligi we täsir-güýji barada gürrüň edilýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.

Türkmenistanda çap edilýän türkmen halk ertekileri, olaryň many-mazmuny we dünýä türkmenlerine elýeterliligi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG