Köp ýyllyklaryň dowamynda owgan türkmenleri özbaşdak türkmen elipbiýsini işläp düzmek ugrunda tagalla edýär, ýöne heniz bu amala aşmady.
Owganystanyň Konstitusiýasy owgan türkmenleriniň agdyklyk edýän regionlarynda türkmen dilini resmi dil hökmünde ykrar edýär.
Täze türkmen elipbiýsini kabul etmek ugrunda Demirgazyk Owganystanda nähili sepgitler aşyldy? Munuň başa barmagyna nämeler böwet bolýar?
Biz bu günki gepleşigimizde şeýle soraglaryň töwereginde söhbetdeşlik geçirdik.
Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady hem-de häzirki wagtda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Embed
Paýlaş
Embed
Paýlaş
The code has been copied to your clipboard.
The URL has been copied to your clipboard
No media source currently available
Ýükle