Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda zir-zibil çeleklerine resmi däl ýagdaýda garawullyk edýän adamlar peýda boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda zir-zibil dörýän adamlar baradaky maglumatlaryň köpelmeginiň fonunda, Aşgabatda çelekdäki zir-zibilleriň eýeçiliginiň özüne degişlidigini öňe sürüp, olara resmi däl ýagdaýda garawullyk edýän adamlaryň peýda bolandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy bu adamlaryň çelekleriň golaýyna barýan beýleki adamlary kowýandygyny belleýär.

“Parahat 2/1 etrapçasynda ýerleşýän 21-nji jaýyň golaýyndaky zir-zibil dökülýän çelegiň ýanynda täze ‘garawul’ peýda boldy. Ol çelekleriň golaýynda durup, oňa garawullyk edýär we onuň ýanyna zir-zibil çeleklerinden çörek, baklažka, çüýşe, karton, egin-eşik we şuňa meňzeş zatlary gözleýän hiç kimi goýbermeýär. Ol bu çelegi indi köp wagt bäri özüniň dörýändigini we başga hiç kimiň ony dörüp bilmejekdigini aýdýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan zir-zibil dörýän adamlaryň ençemesi çeleklere resmi däl ýagdaýda ‘garawullyk edýän’ adamlar öýlerine gidenden soňra, bu ýerde hiç zadyň, hatda hapa baklažkanyň hem galmaýandygyndan zeýrenýär.

“Adamlar zir-zibil dökülýän çelekleri dörmegiň üstünde hem uruşýarlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý almak başartmady. Bu barada adatça bolşy ýaly döwlet mediasynda hem maglumat göze ilmeýär.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň hem-de gytçylygynyň, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň fonunda, ýaşaýyş oňşugy kynlaşýan, zir-zibil dörýän adamlaryň barha köp göze ilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky bir ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdiler.

“Dworlaryň içinde ýerleşýän hapa dökülýän çelekleri maşgala bolup, elleri bilen dörýän adamlar, çagalar köpelýär. Olar elleri çyraly çelekleriň içindäki paketleri bir-birden açyp dörýärler. Olar azyk önümleriniň galyndylaryny aýratyn bir gaba, plastik baklažkalary, çüýşeleri başga gaba salýarlar” diýip, Azatlygyň Marydaky habarçy 17-nji ýanwarda gürrüň beripdi.

Geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň birizir-zibil dörýänleriň aglabasynyň aýal-gyzlar we çagalardygyny aýdyp, olaryň käbiriniň öýlere aýlanyp, ýaşaýjylardan iýere azyk önümlerini soraýandygyny hem belläpdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi Türkmenistanda zir-zibil dörýän adamlaryň öň hem bardygyny, ýöne ozal beýle iş bilen köplenç arak-şeraba ýa beýleki neşe maddalaryna ýolugan adamlaryň meşgullanandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa inkär edip çykyş edýärler.

Bu habarlaryň fonunda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň “ähli ýurtlar üçin örän kyn”, emma “Türkmenistan üçin oňat ýyl bolandygyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG