Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada bakalawriýatda 30 müň türkmenistanly talyp bilim alýar


Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bakalawriýat maksatnamasy boýunça bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan ikinji orunda dur. Bu barada NEWS.ru neşiri Russiýanyň Ylym we ýokary bilim boýunça ministrliginiň sanlary esasynda maglumat çap etdi.

Maglumata görä, birinji orunda Gazagystan (44 müň adam), ikinji orunda Türkmenistan (30 müň) we üçünji orunda Özbegistan (23 müň 500) dur.

Sanawda Hytaý 15 müň 400 adamy bilen dördünji we Täjigistan 12 müň adamy bilen bäşinji orunda ýerleşdirildi.

Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak mümkinçilikleri bilen bagly çäklendirmeler dowam edýär, olaryň Türkmenistandaky hossarlarynyň maliýe serişdelerini ugratmak mümkinçilikleri, daşary ýurt diplomlarynyň Türkmenistanda ykrar edilmegi bilen bagly bar bolan problemalary saklanyp galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG