Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýdaky täze wirus sebäpli ‘Türkmenhowaýollary’ Pekine uçar gatnawlaryny wagtlaýyn 'ýatyrdy'


“Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçary. Arhiwden alnan surat

Hytaýda peýda bolan täze koronawirus sebäpli “Türkmenhowaýollary” gullugy özüniň Pekine uçar gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrdy. Bu barada turkmen.news neşiri 29-njy ýanwarda habar berdi.

“1-nji fewralda Pekinden Aşgabada iň soňky uçar gatnawy amala aşyrylar. T5608 belgili uçar gatnawyndan soňra, iň azyndan fewralyň ahyryna çenli Hytaýyň paýtagtyna uçar gatnawlary amala aşyrylmaz” diýip, neşir “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabatdaky edarasyna we ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatynda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarlarynyň Aşgabatdan Pekine we Pekinden Aşgabada hepde-de 2 gün uçýandygy hem bellenilýär.

Aýdylşyna görä, fewral aýynda Pekine gitmek we bu şäherden yzyna gaýtmak üçin bilet satyn alan müşderileriň puly doly görnüşinde yzyna gaýtarylyp berler. Munuň üçin müşderiler öz pasportlaryny alyp, gullugyň Aşgabatdaky edarasyna barmaly bolarlar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary özüniň ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşmak synanyşyklary hem netije bermedi.

Gullugyň resmi websaýtynda-da bu barada maglumat çap edilmändir. Azatlyk Radiosy websaýt arkaly Aşgabatdan Pekine elektron bilet satyn almaga synanyşdy. Ýöne onda 1-nji fewraldan 28-nji mart aralygyndaky uçar gatnawlarynda “ýeriň ýokdugy aýdylyp, başga güni saýlamak” maslahat berilýär.

‘Türkmenhowaýollarynyň’ Pekine uçar gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrandygy baradaky maglumatlar Hytaýda peýda bolan täze howply wirus sebäpli ölenleriň sanynyň 132 adama ýeten mahalyna gabat geldi. Bu wirusa başga-da 5 müň 974 adam ýolugdy.

Şeýle-de Hytaýyň daşynda, şol sanda Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýa sebitinde bu wirusa duçar bolan ýagdaýlaryň üsti açyldy.

Türkmen häkimiýetleri täze koronawirus we onuň nirede peýda bolandygy, şeýle-de ilata ýetirip biljek howplary barada resmi derejede agzamaýarlar. Şeýle-de, dünýä metbugatynda bu wirus barada indi bir aýdan gowrak wagt bäri habar berilýändigine garamazdan, Türkmenistanyň resmi mediasy bu hakda kelam agyz söz aýtmaýar.

Ýöne bu wirusyň ýaýramagynyň fonunda, TDH ýurduň çägine daşary döwletlerden ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak we sanitar-epidemiologik durnuklylygy saklamak boýunça çäreleriň güýçlendirilendigini yglan etdi.

23-nji ýanwarda çap edilen maglumata görä, bu çäreler döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli görkezmelerine laýyklykda amala aşyrylýar.

“Welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary tarapyndan şol ýurtlara dürli maksatlar bilen gidip-gelýänler berk gözegçilige alynýar we serhet geçelgelerinde ýerleşýän arassaçylyk karantin nokatlarynda, bölümlerinde gözegçilik işleri geçirilýär we dowam edýär” diýlip, maglumatda aýdyldy.

29-njy ýanwarda bolsa, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň biri Mary şäherinde sanitar-gigiýena düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçilikleriň güýçlendirilendigini habar berdi.

Marynyň häkimiýetleri bu arassaçylyk çäreleriniň sebäplerini “grip wirusynyň köpdügi we täze wirusyň öňüni alyş işleri” diýip düşündirýärler. Ýöne olar bu täze wirus barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG