Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” Pekine uçuşlaryny togtatdy, türkmen talyplary ‘aeroportda ýatyp-turýarlar’


"Türkmenhowaýollarynyň" Pekiniň aeroportunda duran uçary. 3-nji fewral, 2020 ý.

“Türkmenhowaýollary” gullugy Pekin bilen bagly ähli uçuşlaryny togtatdy diýip, Reuters gullugy türkmen tarapynyň beýanatyna salgylanyp maglumat berdi. Munuň Hytaýdaky täze wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maskady bilen edilendigi bellenilýär.

Daşary ýurt döwletleriniň Hytaýdaky raýatlaryny yzyna gaýtarmak ugrunda edýän tagallalarynyň çäginde, türkmen talyplary Pekiniň aeroportynda uçara garaşyp ýatandyklaryny, wiza kartlarynyň hem petiklenendigini 2-nji fewralda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Gazagystan Hytaýda täze wirusyň ýaýrap başlandygy öýdülýän Wuhan şäherinden özüniň 83 raýatyny ewakuasiýa etdi.

ABŞ Hytaýyň Hubeý welaýatyndan raýatlaryny öýlerine gaýtarmak üçin “has köp goşmaça uçuşlary” ýola goýmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Resmi Aşgabat Hytaýdaky raýatlaryny yzyna dolamak üçin nähilidir bir çäre görýändigi barada häzire çenli çykyş etmän gelýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Hytaýdaky türkmen talyplary Türkmenistanyň ilçihanasynyň hem olar barada ‘hiç alada etmeýändigini’ aýdýarlar.

Şu aralykda, Hytaýda bu wirus sebäpli ölen adamlaryň sany 362-ä ýetdi. Dünýä boýunça umumy hasapda bu wirusa 17 müň 300 adam ýolugdy. Hytaýdan başga-da dünýäniň 24 ýurduna bu wirus bilen kesellänleriň üsti açyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG