Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Halkbankyň’ öňünde VISA kartlaryny almak we oňa pul salmak isleýän adamlaryň uly nobatlary saklanýar


Türkmenistanda nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky we Marydaky şahamçalarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar.

Bu ýere üýşen adamlaryň käbiri daşary ýurt walýutasynda bank hasabyny açdyryp, Visa kartyny almaga we galan bölegi bolsa oňa pul serişdesini goýmaga synanyşýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt içinden habar berýärler.

“Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrundaky ‘Halkbankyň’ öňünde 100-e golaý adam nobata dur. Visa kartlaryna pul goýmak üçin žeton almak isleýän adamlaryň sanynyň köplügi sebäpli olary binanyň daşyna çykarypdyrlar. Şeýle-de, bank işgärleri olara, köçäniň öňünde görünmez ýaly, binanyň arka tarapynda durmagy tabşyrýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 3-nji fewralda gürrüň berdi.

Ol bu žetonlar berlenden soňra, raýatlaryň ýene-de azyndan iki aý garaşmaly bolýandygyny aýdyp, nobatlaryň sebäpleri barada düşündiriş berilmeýändigini belledi.

Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri şuňa meňzeş ýagdaýyň bu welaýatda hem gaýtalanýandygyny aýtdy. Ýöne ol käbir ‘araçylaryň’ ýaşaýjylardan 2000 manat möçberinde para alyp, olaryň nobatlaryny öňe süýşürýändigini belledi.

“Häzirki wagt ‘Halkbankdan’ Visa kartlaryny alan adamlar içine pul salyp bilmän kösenýärler. Adamlar banka baranda, olaryň kartyna pul salynmaýandygyny aýdýarlar. Bank işgärleri munuň sebäplerini düşündirmeýärler. Olar diňe 'haçan pul goýberilse, karta pul salarys' diýmek bilen çäklenýärler” diýip, maryly habarçy 3-nji fewralda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky beýleki bir habarçysy bolsa, geçen hepde “Halkbankyň” we “Daýhanbankyň” Türkmenabat şäherindäki we etrap merkezlerindäki şahamçalarynda Visa kart almak üçin her gün azyndan 500 çemesi adamyň üýşendigini aýtdy.

Ýöne ol häzirki wagt şol raýatlaryň ýekejesiniň hem ýokdugyny, sebäbi “daşary ýurtlarda peýda bolan wirus bilen bagly ýurtda karatin ýagdaýynyň dowam edýändigini” belledi. Onuň sözüne görä, munuň bilen bagly raýatlaryň Özbegistana ýa-da Gazagystana gidip, Visa kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak mümkinçiligi çäklendirildi.

"Şol sebäpli banklaryň şahamçalarynyň öňünde nobatlar ýok" diýip, lebaply habarçy 3-nji fewralda beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada “Halkbankyň” Aşgabatdaky, Marydaky we Lebapdaky şahamçalaryndan kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

“Halkbankyň” Aşgabatdaky we Marydaky şahamçalarynyň öňünde Visa kartyny almak we pul serişdesini goýmak isleýän adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigi barada Azatlyk Radiosy 21-nji ýanwarda habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylyň ýanwarynda dollaryň nagt söwdasyny ýatyrdy. Şondan bäri 1 amerikan dollarynyň resmi kursdaky bahasy 3,5 manat görnüşinde saklanýan bolsa-da, onuň “gara bazardaky” nyrhy bäş esseden hem köp gymmatlap, 20 manada ýetdi.

Dollar çäklendirmesiniň we gymmatçylygynyň fonunda, Visa kartlar - ýurt raýatlarynyň resmi kursdan dollar satyn almagynyň ýeke-täk çeşmeleriniň biri bolup durýar.

Raýatlar her aýda 1786 manady özleriniň daşary ýurt walýutasyndaky bank hasaplaryna goýup, bu serişdäni Visa kartlary arkaly daşary ýurtlarda $500 görnüşinde nagtlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bu serişdäni doly nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlygyň Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylary raýatlaryň diňe Visa kartlaryny açdyrmark ýa-da oňa pul salmak bilen bagly däl, eýse öz pensiýa we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG