Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda ikinji ýokary okuw okaýan türkmenistanlylara pul ibermek bilen bagly täze çäklendirme girizildi


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistandan daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentlere pul ugratmak bilen bagly täze çäklendirme girizildi.

Täze çäklendirme daşary ýurtda ikinji ýokary okuwa dowam edýän raýatlara degişlidir. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 28-nji oktýabrda habar berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermegine görä, oktýabrdan bäri VISA bank kartlary arkaly daşary ýurtlarda diňe birinji ýokary bilim derejesini alýan studentlere pul geçirimlerini amala aşyryp bolýar; birinji ýokary okuwy tamamlap, ikinji ýokary okuwyna dowam edýänlere pul goýbermek gadagan edildi.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentleriň agramly bölegi okuwy tamamlanlaryndan soň Türkmenistana dolanmazlyk üçin daşary ýurtlarda galmagyň ýollaryny gözleýär. Munuň üçin kanuny mümkinçilikleriň biri – okuwa dowam etmekdir.

Bu sebäpden türkmen manadyny resmi kursdan ABŞ-nyň dollaryna öwürmeli bolýan türkmen banklaryna agram düşýär. Dollaryň resmi bahasy gara bazaryň kursundan 5 esse pesdir.

Türkmen talyby 'gaharyna' kartyny kesdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00

Wideo: Türkmen talyby bank kartyny kesdi

19-njy oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen Türkiýeden habarlaşan türkmenistanly bir student atlandyrylmazlyk şertinde beren maglumatynda pul geçirimleri bilen bagly Türkmenistanda dowamly girizilýän çäklendirmeleriň daşary ýurtlarda bilim alýan studentleri köseýändigini aýtdy.

“Bu çäklendirmeler studentleri gysýar. Studentler öz öýlerine wagtynda dolanyp barmak üçin daşary döwletlerde ene-atalarynyň maddy goldawy bilen okap, okuwy gutarandan soň öz ata watanyna dolanyp barýarlar” diýip, Türkiýedäki türkmenistanly student aýtdy.

Onuň gürrüň bermegine görä, pul geçirimleri bilen bagly täze çäklendirmeler türkmenistanly studentleriň ençemesini okuwdan daşgary işlemäge mejbur edýär.

Bu çäklendirmeler köp sanly studentiň “wagtynda okuwyny okap gutarmazlygyna, okuwyny taşlap işlemegine we käbirlerini hem okap hem işlemäge mejbur edýär” diýip, student aýtdy.

29-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň täze çäklendirmeleriň töweregindäki soraglar boýunça Türkmenistanyň banklaryndan telefon arkaly kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Visa bank kartlary arkaly, şeýle-de Western Union arkaly maliýe serişdelerini ugratmak mümkinçilikleri dowamly çäklendirildi.

Daşary ýurtlardaky türkmen studentleri bu mesele bilen bagly öz arza şikaýatlaryny türkmen resmilerine eşitdirmek üçin wagtal-wagtal Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp maglumat iberýärler.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümeti şu ýylyň martynda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň diplomlaryny tassyklamak bilen bagly täze düzgüni güýje girizdi. Oňa laýyklykda Türkmenistanda diplomy tassyklanylýan daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sany öňküsinden kemeldildi. Synçylar bu çäräni türkmen hökümetiniň daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň sanyny azaltmak synanyşygy diýip düşündirdi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG