Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen, rus diplomatlary terrorizme garşy göreş meselelerini maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 4-nji fewralda maglumat berdi.

Aşgabatdaky maslahata Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa geldi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar howpsuzlyk ulgamyndaky derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek boýunça öňüni alyş hereketleriniň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar diýip, türkmen tarapynyň beýanatynda aýdylýar.

Mundanam başga taraplar Owganystandan, Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan abanýan halkara we regional terror wehimleri barada pikir alyşdylar diýip, Interfaks gullugy Russiýanyň daşary işler ministrligine salgylanyp maglumat berdi.

Mundan öň, rus resmileri Owganystanyň demirgazygyndaky jeňçileriň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýa-da Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň howpsuzlygyna abandyrýan wehimi barada ençeme gezek çykyş edipdiler. Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda rus resmileriniň agzalýan çykyşlary ýygjamlaşyp başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG