Stambul aeroportunda uçuş-gonuş ýodasyndan çykyp, böleklere bölünen uçarda onuň üstündäki 3 adam öldi,179 adam ýaralandy diýip, Türkiýäniň saglyk ministri Fahrettin Koça aýdýar.
“Turkmen.news” neşiri bu uçaryň üstünde Türkmenistanyň raýatlarynyň hem bolandygyny habar berýär, emma öz çeşmesisni anyklaşdyrmaýar.
Transport ministri Mehmet Cahit Turhan 6-njy fewralda“Boeing 737” uçarynyň Sabiha Gokçen aeroportundaky “gaty gonuşdan” soň tizligini kemeldip bilmändigini aýtdy.
Resmiler “Pegasus Airlines” kompaniýasynyň uçarynyň bortunda 177 ýolagçysynyň we 6 sany ekipaž agzasynyň bolandygyny aýtdylar.
Uçar agyr ýagyşly we güýçli ýelli howada gonuş ýodasyna gonandan soň taýyp, ýodadan çykdy.
Ýangyn söndürijiler we halas ediş işgärleri bada-bat hadysanyň bolan ýerine getirildi diýip, resmiler aýtdylar.
AP habar gullugyna elýeterli bolan wideoda ýolagçylaryň uçardan çykyp, onuň ganatlarynyň üsti bilen aşak düşüp, bu ýerden basymrak daşlaşjak bolýan wagtynda tüsseläp ýatan uçar motorlarynyň biri görünýär.
Başga bir wideoda uçara erbet zyýan ýetendigi, onuň üç bölege bölünendigi görünýär.
Uçar Izmir şäherinden Stambula gelýärdi.