Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan kanun çykaryjysynyň ogly öýlerinde bolan atyşykda öldürildi


Öldürilen Mohammad Bakir Mohakek
Öldürilen Mohammad Bakir Mohakek

Owgan paýtagtyndaky polisiýa etniki hazara lideriniň, Owganystanyň baş ýerine ýetirijisi Abdulla Abdullanyň ikinji orunbasary bolan Mohammad Mohakekiň oglunyň 9-njy fewralda, maşgalanyň ýaşaýan jaýyndaky atyşyk mahalynda öldürilendigini aýdýar.

Mohakek ozalky anti-talyban mujaheddin komandiri bolup, häzir owgan parlamentinde kanun çykaryjy bolup işleýär.

Ol 2014-nji ýyldaky dawaly prezident saýlawlaryndan soň, ABŞ-nyň araçylyk etmeghinde gurlan “agzybirlik hökümetinde” baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdullanyň golastyndaky esasy resmi boldy.

“Gynansak-da, olaryň öýünde, Mohammad Mohakekiň ogullarynyň arasynda çaknyşyk boldy” diýip, Kabul polisiýanyň başlygy Saýed Mohammad Roşandil RÝ/AR-nyň Azat Owganystan radiosyna aýtdy.

"Onuň ogly Hussaýn öz dogany Bakir Mohakeki oka tutdy, ol öldi we maşgalanyň beýleki sekiz agzasy, şol sanda Hussaýn Mohakeki ýaralandy.”

Ýaralanan sekiz adamyň ýerli hassahana ýerleşdirilendigi habar berilýär. Polisiýa derňewe başlady diýip, resmiler aýtdylar.

Mohakek 2004-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda şowsuz dalaşgärlik etdi, ýaraşyk tagallalaryny edýän Owgan parahatçylyk geňeşinde işledi.

XS
SM
MD
LG