Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak obalarynda bolan etniki çaknyşyklarda ölenleriň sany 10 adama ýetdi


Masançi obasyna polisiýa güýçleri ýerleşdirildi. 8-nji fewral, 2020.
Masançi obasyna polisiýa güýçleri ýerleşdirildi. 8-nji fewral, 2020.

Gazagystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Alekseý Kalaýiçi (Kalayichi) 8-nji fewral güni giçlik ýurduň günortasyndaky obalaryň birinde başlanyp, töwerege ýaýran zorlukly etniki dawa-jenjelde ölenleriň sanynyň 10 adama baryp ýetendigini aýtdy.

Bu çaknyşyklar Gazagystanyň kommersiýa paýtagty Almatydan 130 km uzaklykda ýerleşýän Žambyl sebitinde soňky ýyllarda görlen iň erbet etniki zorluk boldy we häkimiýetleriň Kordaý etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan etmeklerine alyp geldi.

Şol bir wagtda, etniki gazaklaryň asly hytaý musulman toparlaryndan bolan dunganlara garşy çykmagy bolup görünýän hadysalaryň nämeden uç alandygy anyk däl.

Wakanyň bolan ýerinde sekiz adam öldi, soňra, gyssagly saglyk kömeginiň berlendigine, bejergi alandyklaryna garamazdan, ýene iki adam heläk boldy diýip, resmiler 9-njy fewralda aýtdylar.

Gazagystandaky etniki çaknyşyklardan soň ýüzlerçe adam Gyrgyzystana gaçdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:22 0:00

Resmiler bu çaknyşyklar bilen baglylykda Gazagystanda 140 adamyň bejergi alandygyny, ýigrimiden gowrak adamyň bolsa goňşy Gyrgyzystanda saglyk bejergisini alandygyny aýtdylar.

9-njy fewralda, irden berlen maglumata görä 39 adam hassahanada bejergi almagyny dowam etdirýär, olaryň arasynda ok ýaralary bolan üç resmi hem bar diýip, Kalaýiçi aýtdy.

Oba adamlarynyň bir-birine garşy topar tutup hüjüm edendigi, erkekler toparlaryny jaýlara ot berip, awtoulaglary agdaryp, ýüzlerçe adamy goňşy Gyrgyzystana gaçmaga mejbur edendigi aýdylýar.

Masançi obasynyň ilatynyň aglaba köplügini dunganlar düzýär, bu çaknyşyklarda iň agyr zyýan çeken oba boldy.

Golaýdaky obalaryň hem birnäçesinde çaknyşyklar boldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew öňzünden planlaşdyrylmadyk telewizion çykyşynda howpsuzlyk gulluklaryna ýigrenç sözüni we “öjükdiriji gep-gürrüňleri we galp maglumatlary ýaýradýanlary” jogapkärçilige çekme barada görkezme berendigini aýtdy.

Şeýle-de ol beýanat çap edip, polisiýanyň we milli gwardiýanyň ýagdaýy gözegçilik astyna alandygyny, hökümetiň obalardaky asudalygy berjaý etmek üçin çäre görýändigini aýtdy, ilaty asudalyga çagyrdy.

Wakanyň bolan ýerlerine 8-nji fewarlda, başlangyç söweşleriň turan sebitine Gazagystanyň pitnä garşy polisiýanyň güýçleri ýerleşdirildi.

Içeri işler ministri Erlan Turghymbaýew 8-nji fewralda Nur-Soltanda guralan metbugat ýygnagynda 47 adamyň tussag edilendigini aýtdy. Ol gozgalaň wagtynda 30 jaýa, 15 dükana, 20 awtoulaga zyýan ýetirilendigini hem sözüne goşdy.

AÝ/AR-nyň wideosy Masançi obasyna barýan ýoluň boýunda galkan bilen enjamlaşdyrylan polisiýa işgärleriniň ýerleşdirilendigini görkezýär.

Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçylarynyň biri bu galmagala dahylly obalaryň birine, gozgalaň wagtynda köp dükanyň ýykylyp-ýumrulan we oda berlen Massançi obasyna baryp gördi.

Masançi obasyndaky çaknyşyk mahalynda otlanan bina.
Masançi obasyndaky çaknyşyk mahalynda otlanan bina.

XS
SM
MD
LG