Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky etniki çaknyşyklardan soň ýüzlerçe adam Gyrgyzystana gaçdy


Gazagystandaky etniki çaknyşyklardan soň ýüzlerçe adam Gyrgyzystana gaçdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:22 0:00

Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl sebitinde 8-nji fewralda, gije dörän çaknyşyklar bu regionda soňky ýyllarda görlen iň erbet etniki zorluk bolup, ýüzlerçe adamyň goňşy Gyrgyzystana gaçmagyna getirdi. Etniki gazaklary asly hytaýly musulman azlyk bolan dunganlara garşy goýan zorlugyň nämeden uç alandygy häzirlikçe mälim däl. Dunganlar çaknyşyklarda iň agyr zyýan çeken Masançi obasy dunganlaryň köplükde ýaşaýan ýeri bolup durýar. Bu şäherçäniň biznes kärhanalarynyň köpüsi dungan maşgalalaryna degişli. Gyrgyzystandaky garyndaşlaryndan ýa dostlaryndan pena gözlänleriň käbiri AÝ/AR-a bu hadysa myş-myşlaryň sebäp bolan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy, emma ol myş-myşlaryň näme hakynda bolandygy aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG