Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan serhediniň türkmen ýakasynda eli ýaragly jeňçileriň göze ilip başlandygy habar berilýär


Illýustrasiýa suraty.

Günorta-gündogar Türkmenistanyň türkmen-owgan serhedine golaý araçäkde ýerleşýän käbir ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary gijelerine atyşyk seslerini eşidýändiklerini hem-de özleriniň türkmen serhedine sümülen ýaragly jeňçilere has ýygy-ýygydan duşup başlandyklaryny aýdýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habarlaşýan Azatlygyň habarçysy 9-njy fewralda iberen maglumatynda Serhetabat (öňki Guşgy) etrabynyň Galaýmor şäherçesiniň bir ýaşaýjysyna salgylanyp serhet ýakasyndaky soňky ýagdaýlar barada habar berdi.

Galaýmor şäherçesi türkmen-owgan serhedine golaý sebitde, Serhetabat serhet galasyndan 40 kilometr töweregi ara daşlykda ýerleşýär.

“Soňky wagtlarda ýaragly söweşijileriň araçägiň aňry tarapyndan gelip, serhetden geçmek hadysalary ýygylaşyp başlady” diýip, Azatlygyň habarçysy galaýmorly çopanyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

“Bu sebitiň serhet ýaka etraplarynyň ilaty selçeň. Çopanlar birnäçe gezek ol ýerlerde owganlara duş gelipdir, ýöne olaryň bagtyna, heniz parahat ilat bilen çaknyşyk göze ilmedi” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Galaýmoryň ýaşaýjysynyň sözlerine salgylanyp, bu sebitde köplenç ok atyşyk sesleriniň eşidilýändigini aýtdy.

Serhetabadyň serhetçileri Galaýmor şäherçesinde ýerli ilata hem-de çopanlara şübhe oýandyrýan keseki adamlara duş gelen ýagdaýlarynda özlerine habar bermegi tabşyrypdyr.

“Ýerli ýaşaýjylar türkmen häkimiýetleriniň owgan jeňçilerini maliýe we ynsanperwer ýardam ugradyp saklap gelýändiklerini uzak wagtlardan bäri bilýärler. Ýöne oba ýaşaýjylary munuň uzak wagt dowam etmejekdiginden howatyr edýär hem-de olaryň köpüsi indi serhede golaý sebitlerden uzaga göçmek barada pikir edýär” diýip, habarçy aýtdy.

Golaýda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan beýleki bir maryly ýaşaýjy türkmen-owgan serhedine golaý obalarda ýerli ýaşaýjylaryň gijelerine ok atyşyk seslerinden şikaýat edýändiklerini habar berdi.

“Serhede ýakyn obalarda ýaşaýan adamlar awtomadyň ses ýatanok diýýärler” diýip, sebitden habarlaşan türkmenistanly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, serhet ýakada goýun bakýan çopanlar hem eli ýaragly owgan jeňçilerine duşýandyklaryny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýene bir maryly ýaşaýjy Tagtabazar etrabynyň Owganystan bilen araçäkleşýän sebitlerinde-de atyşyk sesleriniň eşidilýändigini gürrüň berdi.

“Günde gije diýen ýaly awtomatyň sesleri kä gijeler uzakly gije ýatanok. Biziň serhedimiz hem şu wagt gowy däl” diýip, sebitden habarlaşan maryly ýaşaýjy Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetler türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk meseleleri boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Döwlet telewideniýesi türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk şertleriniň hakyky ýagdaýy barada ilat köpçüligine maglumat bermeýär.

Azatlyk Radiosy mundan ozal, dekabryň aýagynda türkmen-owgan serhediniň Türkmenistan tarapynda howpsuzlygy güýçlendirmek işlerine russiýaly harbylaryň hem gatnaşyp başlandygyny habar berdipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG