Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR žurnalistiniň ulagyny otlamakda polisiýanyň maýory we ozalky tussag şübhelenýär


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Halyna Tereşçugyň ulagy 30-njy ýanwarda otlandy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Halyna Tereşçugyň ulagy 30-njy ýanwarda otlandy.

Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň Lwow şäherindäki edarasynyň maglumatyna görä, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Halyna Tereşçugyň ulagyny oda bermek boýunça dildüwşüge girmekde ýerasty jenaýat toparynyň başlygy bilen polisiýanyň maýory şübhelenýär.

Žurnalistiň ulagyny otlamak boýunça görkezme bermekde 48 ýaşly ozalky tussag şübhelenýär. Ol gara bazar hilelerine baş goşmakda we Lwowyň wokzalyndan ýag-ýangyjy ogurlamakda tanalýar. Şol bir wagtda, milli polisiýanyň 43 ýaşly maýory hem ýokarda ady geçen bilen dildüwşüge girmekde, ulagy otlamaly şahsyýeti tapmakda we oňa töleg etmekde şübhelenýär.

Şübheliler tutuş ýurt boýunça gözlege yglan edildiler.

Olaryň ikiside emläge bilkastlaýyndan zeper ýetirmek aýyplamasy boýunça sud ediler we eger-de günäli tapylsa, 6-15 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm ediler.

Azatlyk Radiosy bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýän žurnalist hüjümiň onuň professional işi bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigini aýdypdy. Onuň ulagy 30-njy ýanwarda otlandy.

6-njy fewralda polisiýa habarçynyň ulagyny otlamakda şübhelenýän 19 ýaşly erkek kişini Odesada saklady. Günäsi subut edilse, oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygy berler.

Bu işi prokurorlar bilen Howpsuzlyk Gullugynyň, ýagny SBU-nyň derňewçileri hem seljerdiler.

XS
SM
MD
LG