Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýda wirusdan ölenleriň sany 1 müň 100-den aşdy


Hytaýyň Wuhan şäherindäki söwda merkezinde eli arabaly bir ýaşaýjy. 11-nji fewral, 2020 ý.

11-nji fewralda Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasy täze respirator wirusyndan ýene 97 adamyň ölendigini habar berdi. Munuň netijesinde Hytaýda bu wirusdan heläk bolanlaryň sany 1 müň 113 adama ýetdi.

Häzirki wagt Hytaýda bu wirusa ýoluganlaryň sany 44 müň 643 adama ýetdi.

Şol bir wagtda, bu wirusa täze ýoluganlaryň sany tertip ikinji gün kemelýär. Soňky 24 sagadyň içinde wirusa 2 müň 15 adam ýokuşdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasy wirus sebäpli döreýän hassalygy COVID-19 diýip atlandyrdy.

12-nji fewraldaky maglumatlara laýyklykda, dünýäniň 24 döwletinde bu wirus bilen 45 müň 100 adamyň keselländigi tassyklanyldy.

11-nji fewralda Ženewada wirusa garşy durmak boýunça geçirilen konferensiýada Bütindünýä Saglyk Guramasynyň direktory Tedros Adhanom Ghebreýes dünýäniň döwletlerini bu “çynlakaý howpa” garşy bilelikde işleşmäge çagyrdy.

Ol wirusyň “islendik terror hereketinden has güýçli netijeleriniň bardygyny” aýtdy.

Ghebreýes wirusa ýoluganlaryň 99%-niň Hytaýda ýerleşýändigini, şeýle-de bu ýurtda “adatdan daşary ýagaýdyň” dowam edýändigini aýtdy. Ol wirusyň “tutuş dünýä hem uly wehim salýandygyny” belledi.

Wirusyň juda ýokançlydygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG