Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda koronawirusy hasaba almak boýunça girizilen täze usul aladalary döretdi


Wuhan şäherindäki keselhana. 10-njy fewral, 2020 ý.

Hytaýda resmileriň koronawirusyň pidalaryny hasaba almak boýunça täze usuly girizmeginden soň, wirus sebäpli ölenleriň we oňa ýoluganlaryň sany göz-görtele ýokarlandy. Bu hem öz gezeginde wirusyň gerimi boýunça owalky hasabatlarda bärden gaýtmalaryň bolandygy baradaky howatyrlanmalary döretdi.

Hubeý welaýatynda bir günüň özünde 243 adam ölümi barada habar berildi. 56 millionlyk bu welaýatda giriş-çykyşlar çäklendirildi.

Resmi taýdan COVID-19 atlandyrylýan bu wirusa başga-da 14 müň 840 adamyň ýolugandygy tassyklandy. Bular krizis başlanaly bäri bir günüň dowamynda hasaba alnan iň ýokary görkezijilerdir.

Soňky maglumatlaryň netijesinde Hytaýda wirus sebäpli ölenleriň sany 1 müň 355 boldy, oňa ýoluganlaryň sany hem 60 müňe golaýlady.

Hytaýda adamlar resmileriň krizis bilen baglylykdaky haýal çärelerine we asyl sanlary kemeldip görkezmeklerine garşy Hytaýyň Kommunistik Partiýasyna nägilelik bildirdiler.

Bu aralykda, ABŞ resmileri hem Hytaýyň hökümetini has açyk bolmaga çagyrdy.

Hytaýyň daşynda, dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde wirus bilen kesellän azyndan 565 ýagdaýyň üsti açyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG