Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň hökümeti dawaly sosial-media düzgünlerini kabul etdi


Illýustrasiýa suraty

Pakistanyň hökümeti sosial ulgamlaryndaky maglumatlara gözegçilik etmäge gönükdirilen täze düzgünleri kabul etdi. Tankytçylar munuň netijesinde häkimiýetlerde azat sözi çäklendirmek boýunça giň mümkinçilikleriniň dörejekdigini aýdýarlar.

Täze düzgünler, jemgyýetçilige sala salmazdan, ýanwarda federal kabinet tarapyndan ykrar edildi we 13-nji fewralda mediada yglan edildi.

Täze düzgünlere laýyklykda, sosial-media kompaniýalary göni efirde “terrorizm, ekstremizm, ýalan maglumat, gazaplylygy möwjetmek we milli howpsuzlyk” bilen bagly islendik maglumatlaryň öňüni almaga borçly edilýär.

Bu premýer-ministr Imran Hanyň hökümetiniň media senzurany ornaşdyrmak we garşydaşlaryny sem etmek ugrunda tagalla etmekde bildirilýän aýyplamalaryň fonunda bolup geçýär.

Pakistanyň armiýasy hem media we azat metbugata basyş etmekde aýyplanýar.

Hökümet we harbylar bu aýyplamalary inkär edýärler.

Täze düzgünlere görä, sosial-media kompaniýalary Pakistanda resmi hasaba durmaly we Milli Gözegçi edarasynyň şikaýatlaryna jogap berer ýaly ýurtda wekilçilik edarasyny açmaly bolarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG