Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da rus jansyzy bolmakda şübhelenip Meksikanyň raýaty tussag edildi


ABŞ-nyň Adalat departamenti
ABŞ-nyň Adalat departamenti

ABŞ-nyň Maýami sebitinde meksikaly bir raýat rus hökümetiniň resmisiniň görkezmesi esasynda “ABŞ hökümetiniň çeşmesi” diýlip häsiýetlendirilen adamyň ulagynyň yzyna düşüp, onuň baran ýerleri barada rus raýatyna maglumat bermekde şübhelenip tussag edildi.

ABŞ-nyň Adalat departamentiniň 18-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Hektor Alehandro Kabrera Fuentesiň tussag edilendigi aýdylýar. Emma, onda rus raýatynyň çeşmedigi aýdylýan adamyň näme sebäpden bolan ýerleri we onuň ulagynyň belgisi barada maglumat almak isländigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

ABŞ hökümetiniň çeşmesiniň şahsyýeti mälim edilmedi.

Adalat departamenti Fuentesiň 2019-njy ýylda hakyna tutulandygyny we rus resmisi bilen duşuşmak üçin Moskwa iki gezek, soňky sapar şu aýda sapar edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG