Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply býujet işgärlerinden bag ekmek çäresi üçin 100 manada çenli pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden golaýda geçiriljek bag ekmek çäresi üçin 70 manatdan 100 manada çenli pul ýygnalyp başlandy.

Bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylda ýurtda 10 million düýp bag nahalynyň ekilmegi baradaky karara gol çekmeginden iki hepde gowrak wagt soňa gabat geldi.

“Şu günler Lebabyň etrapdyr şäherlerindäki býujet işgärleriniň tas ählisinden, şol sanda Türkmenabadyň un zawodunyň we mekdepleriniň işgärlerinden, Saýat etrap keselhanasynyň we oba Saglyk öýleriniň lukmanlaryndan bag ekmek üçin pul ýygnalýar. Onuň möçberi her edara-da dürli-dürli bolup, ol 70 manatdan 100 manada çenli üýtgeýär. Bu pullar edara ýolbaşçylaryna tabşyrylýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 19-njy fewralda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu serişdäniň bag ekmek çäresinde ediljek çykdajylara sarp ediljekdigini aýdýarlar.

“Bu pula bag nahallary, piller we bedreler satyn alnar. Şeýle-de, serişde çäräniň geçirilýän wagty amal edilmeli zatlara, şol sanda tehniki serişdelere sarp ediler” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, edara ýolbaşçylary işgärlere şu ýyl bag ekmek çäresiniň “Arkadagyň” üns merkezinde boljakdygyny we oňa ähli býujet işgärleriniň gatnaşdyryljakdygyny hem belleýärler. Ýöne çäräniň anyk haýsy senede geçiriljekdigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada degişli türkmen resmilerinden, şol sanda Lebap welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

31-nji ýanwarda prezident Berdimuhamedow şu ýyl ýurtda 10 million düýp bag nahalyny ekmek baradaky karara gol çekdi. TDH bu kararyň milli Tokaý programmasynyň çäginde, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny habar berdi.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistan, resmi maglumata görä, her ýyl 3 million bag nahalyny ekýärdi. Täze karar bu ýyl 7 million bag nahalynyň öňki ýyllardaka garanda köp ekiljekdigini görkezýär.

Şol bir wagtda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, ekiljek bag nahallarynyň satyn alynjak ýerleri, bu karary durmuşa geçirmegiň näçe serişdä düşjekdigi we munuň nämäniň ýa-da kimleriň hasabyna amala aşyryljakdygy aýdylmady.

Azatlyk Radiosy bag nahallaryny satyn almak üçin býujet edaralarynyň işgärlerinden mejbury-meýletin pul ýygnalyşy hakynda indi birnäçe ýyl bäri habar berip gelýär.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan býujet işgärleri “bag ekmek bilen bagly salynýan bikanun salgytlardan bizar bolandyklaryny” gürrüň berýärler. Ýöne olar özleriniň işden çykarylmakdan gorkup, bu pullary bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda býujet işgärlerinden dürli işler, şol sanda şugundyr ekmek, çürtüm we ýygym, ýüpek gurçugyny ýetişdirmek üçin pul ýygnamak adaty bir zada öwrüldi.

Bellemeli ýeri, bu ýygnamak işleri aýlyklaryň gijigýän, bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan, azyk we derman bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýan hem-de manadyň hümmetiniň aşak gaçýan mahalynda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG