Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan türkmen hemrasyndan özbek kanallarynyň aýrylmagy “Ýerasty Altylyk” filmi bilen ilteşikli däldigini aýdýar


“Ýerasty Altylyk” filminiň epizodlary Türkmenistany ýatladýar.
“Ýerasty Altylyk” filminiň epizodlary Türkmenistany ýatladýar.

Özbegistan türkmen emeli hemrasyndan özbek kanallarynyň aýrylmagyna “Ýerasty Altylyk” (“6 Underground”) filminiň sebäp bolup bilmändigini aýdýar.

Ýatlatsak, Türkmenisanyň “TurkmenÄlem 52E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy 10-njy fewraldan bäri özbek telekenallaryny efire goýbermegini bes edipdi.

Efiriň kesilmeginiň sebäpleri mälim däl, ýöne Turkmen.News neşiriniň Mary welaýatyndaky bir okyjysy bu ýagdaýy 21-nji ýanwarda “Sevimli TV” özbek telekanalynyň “Ýerasty Altylyk” (“6 Underground”) amerikan filmini görkezmegi bilen ilteşdirdi.

Bellesek, “Ýerasty Altylyk” filminiň epizodlary Türkmenistany ýatladýar.

Özbegistanyň “Radio-aragatnaşyk, Radio-ýaýlym we Telewideniýe Merkeziniň” metbugat merkeziniň bellemegine görä, “Sevimli TV” goňşy Türkmenistanda resmi ýagdaýda alnyp görkezilmeýär.

Maglumata görä, geçen ýylyň noýabrynda türkmen tarapynyň inisatiwasy bilen “TurkmenÄlem 52E” hemrasy arkaly özbek kanallarynyň paketini alyp görkezmek barada ylalaşyga gol çekilipdir.

Özbek tarapynyň bellemegine görä, türkmen hemrasy arkaly 12 kanal efire berlip, olaryň arasynda “Sevimli TV” kanaly ýok.

Şol bir wagtda, resmi beýanatda özbek kanallarynyň türkmen hemrasyndan aýrylandygy baradaky maglumat ne tassyklanýar, ne-de inkär edilýär.

XS
SM
MD
LG