Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek telekanaly ‘Ýerasty Altylygy’ efire berdi, oňa tomaşa eden lebaply türkmenler ‘Türgistany tanyş gördi’


Illýustrasiýa suraty. "Ýerasty Altylyk" filminden alnan bir kadr.
Illýustrasiýa suraty. "Ýerasty Altylyk" filminden alnan bir kadr.

21-nji ýanwarda Özbegistanyň hususy eýeçilikdäki “Sevimli TV” telekanaly “Netflix” amerikan media üpjünçisinde goýberilen “Ýerasty Altylyk” filmini tomaşaçylara ýetirdi. Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary kinofilme tomaşa etmek mümkinçiligine eýe boldy.

“Lebabyň Darganata, Farap, Saýat we Hojambaz etraplarynyň köp ýaşaýjysy bu filme tomaşa edip bildi. Sebäbi Özbegistanyň bu hususy telekanalyna bu sebitde tomaşa etmek mümkinçiligi bar” diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.

Ýatlasak, dekabrda goýberilen “Ýerasty Altylyk” filmi türkmenistanlylarda, şol sanda türkmen häkimiýetlerinde aýratyn gyzyklanma döredipdi. Kinofilmde gizlin alty söweşiji Türgistan atly toslama ýurduň diýdimzor diktatoryny ýurt başyndan agdarýar. Azatlygyň mundan ozal hem habar berşi ýaly, synçylar Türgistany suratlandyrmak üçin filmde ulanylan döwlet nyşanlarynyň, adam atlarynyň we beýlekileriň Türkmenistany ýada salýandygyny aýdypdylar.

Özbek telekanalynda efire berlen bu film oňa tomaşa etmäge mümkinçiligi bolan lebaplylarda gyzyklanma döretdi. Film özbek dilinde goýberildi.

Kinofilmi görenden soň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lebaply ýaşaýjylar onuň özlerine galdyran täsiri barada gürrüň berdiler. Olar toslama ýurduň Türkmenistana meňzeýändigini aýtdylar. “Kinofilmde 3 polkownik öldürilýär, olaryň biriniň familiýasy Nyýazow” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi. Nyýazow türkmen familiýasydyr.

150 mln dollar çykdajy bilen belli režissýor Maýkl Beýiň (Michael Bay) ýolbaşçylygynda düşürilen kinofilmde Raýan Reýnolds (Ryan Reynolds) we Melani Laurent (Mélanie Laurent) ýaly meşhur kino ýyldyzlary oýnaýar.

Filmiň köpçülige ýetirilmeginden soň türkmen häkimiýetleri onuň Türkmenistanda ýaýramagynyň öňüni almak üçin käbir çäreleri gördüler. 28-nji dekabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda hem-de Daşoguzda özlerini kanun goraýjy edaralaryň wekilleri diýip tanadýan raýat eşikli adamlaryň "wideo-prokatlara" aýlanyp, “Ýerasty Altylyk” filminiň ýerasty prokaty bilen meşgullanýanlara jerime salýandygyny habar berdi.

Onuň yzýany 6-njy we 7-nji ýanwar günleri, Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, bu kino bilen baglylykda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Çärjew we Darganata etraplarynda häkimleriň medeniýet boýunça orunbasarlarynyň hem-de kanun goraýjy edaralaryň wekilleriniň guramagynda Birleşen Ştatlara garşy duşmançylyk äheňli “wagyz-nesihat” işleri geçirildi. Etrap medeniýet öýlerinde we mekdeplerde geçirilen bu çärelere býujet işgärleri bilen bir hatarda mekdep okuwçylary gatnaşdyryldy.

8-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy bu çärelere reaksiýa bildirdi. Ilçihananyň wekili Margaret S. Sullivan munuň bilen bagly Azatlyga iberen elektron hatynda kinofilmiň hususy bir güýmenje kompaniýasy tarapyndan döredilen çeper eserdigine ünsi çekdi hem-de Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen güýçli we netijeli gatnaşyklara ygrarly galýandygyny nygtady.

Özbegistanyň telekanallary mundan ozal hem Türkmenistanyň raýatlaryny gyzyklandyrýan, ýöne türkmen häkimiýetlerini gazaplandyryp biljek meseleler barada gepleşikleri efire beripdi. Ýatlasak 2018-nji ýylyň iýunynda “Sewimli” telekanaly Türkmenistanyň Mary we Daşoguz welaýatlarynda çörek gytçylygy sebäpli döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň dörändigini habar beripdi.

Bu kanalyň “Ýerasty Altylyk” filmini efire bermäge hukugynyň bardygy ýa-da ýokdugy Azatlyk Radiosyna mälim däl.

Ýöne Azatlyk Radiosy özbek “Sewimli” telekanalynyň kimlere degişlidigini anyklamagy başardy. Azatlygyň öwrenen maglumatlaryna görä, özüni hususy kanal diýip tanyşdyrýan “Sewimli TW” Özbegistanyň “Uzbek kino” döwlet agentliginiň ýolbaşçysy Firdaws Abduhalikowyň gözegçiligindedir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG