Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň elektrik stansiýasynda ýangyn döredi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynda bolan awariýa sebäpli Özbegistana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdary 13 esse azaldy. Bu barada “Fergana.news” neşiri “Özbegistanyň Milli elektrik ulgamlary” edarasyna salgylanyp, 21-nji fewralda habar berdi.

21-nji fewralda irden Türkmenistanyň ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynda ýangyn döredi. Bu liniýa Marydaky ýylylyk elektrostansiýasy bilen “Serdar”podstansiýany birikdirip, bu ýerden Özbegistana elektrik energiýasyny akdyrýar.

“Wakanyň netijesinde [Özbegistana] akdyrylýan türkmen elektrik energiýasynyň möçberi 780 MW-dan 60 MW-a çenli azaldy. Bu sarp edijileriň elektrik energiýasynyň 600 MW-a çenli kesilmegine getirdi” diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Häzirki wagt türkmen energetikleri näsazlygy düzeltmäge we olaryň özbek kärdeşleri sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge synanyşýarlar diýip, “Özbegistanyň Milli elektrik ulgamlary” edarasy habar berýär.

Bu waka barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda hiç zat aýdylmaýar. Wakanyň ilata täsir ýetirendigi ýa-da ýetirmändigi hem nämälim bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG