Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda zir-zibil dörýän adamlar köpeldi, paýtagt ýaşaýjylary azygy gaba salyp galdyryp başlady


Aşgabat, fewral, 2020
Aşgabat, fewral, 2020

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň hapa taşlanýan ýerlerinde zir-zibilleri dörýän adamlaryň köpelendigini, munuň bilen bilelikde paýtagt ýaşaýjylarynyň çöregi we azygy hapa taşlanýan gapyrjaklaryň gapdalynda gaba salyp goýup başlandygyny aýdýarlar.

Aşgabat, fewral, 2020
Aşgabat, fewral, 2020

"Adamlar çüýşe, plastik gaplaryny, karton we elbetde çörek gözleýärler. Köpçülik indi azygy pakete salyp goýýar, Ony käbirler haýwanlar üçin, käbirleri hut özleri üçin alýarlar" - diýip, habarçymyz 25-nji fewralda habar berdi.

Aşgabatda hapa dörýän adamlaryň, şeýle-de zir-zibil taşlanýan ýerlere gözegçilik edýän "garawullaryň" köpelendigini habarçylarymyz soňky aýlarda ençeme gezek habar beripdi. Şeýle gözegçiler hapa taşlanýan gapyrjaklaryň dörülmegine päsgel berýärler we muny etmäge synanyşýan adamlary kowýarlar.

Aşgabat, fewral, 2020
Aşgabat, fewral, 2020

Oktýabr aýynda prezident Berdimuhamedowyň şäher we etrap häkimleriniň adyna eden tankydyndan soň Aşgabadyň häkimiýetleri zir-zibil taşlanýan ýerlere we olaryň daşyndaky tertip-düzgüne hem arassaçylyga ünsi güýçlendirdiler. Hapa taşlanýan ýerlere gözegçilik ýola goýulypdy.

Döwlet baştutany şonda paýtagtyň häkimi Durdylyýewden şäherde arassaçylygy, tertip-düzgüni we modernizasiýany talap edipdi.

Aşgabat, fewral, 2020
Aşgabat, fewral, 2020

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 25-nji fewralda habar bermegine görä, hapa taşlanýan ýerlere gözegçilik edýänleriň arasynda azyk gözläp barýan adamlaryň elinden çöregi we beýleki iýmit galyndylaryny alýanlar az däl.

"Gözegçi, mümkin bolsa, alnan zatlary gözden geçirýär we çöregi alyp galýar, azygy konteýnere taşlaýar, ýogsa köpçülik ondan azygy taşlamazlygy, galdyrmagy sorapdy" diýip, habarçymyz aýdýar.

Bu ýagdaý bilen bir wagtda azyk önümleriniň gymmatlamagy dowam edýär, şol sanda çörek we agyz suwy gymmatlaýar.

"Un problemasy mese-mälim. Gazagystanyň ak ununyň bir kilogramy 10 manada durýar hususy dükanlarda, ýerli un 2 manada, emma onuň hili örän pes. Bäş litrlik gaba salnan agyz suwunyň bahasy hem ýokarlandy. Häzir 6 manada durýar, hususy dükanlarda 7 manada. Käbir döwlet dükanlarynda hem 7 manatdan satylýar. Meselem, Türkmenbaşy şaýolunyň we Görogly köçesiniň çatrygyndaky dükanda" diýip, habarçymyz 25-nji fewralda habar berdi.

Hususy dükanlardaky nyrhlaryň göterilýän wagtynda döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy, şol sanda çörek ýetmezçiligi ýüze çykýar.

​Ýurduň häkimiýetleri garyplyk problemasyny açyk boýun almaýarlar. Döwlet habar beriş serişdeleri bu meseläni gozgaman gelýärler. Şol bir wagtda-da, paýtagtyň polisiýasy raýatlary öýlere aýlanýan adamlardan hüşgär bolmaga çagyrýar.

​Habarçylarymyz polisiýanyň gapy kakýan adamlar bilen seresaply bolmak baradaky duýduryşlaryny ýylyň başyndan bäri edýändigini habar berýärler. Soňky döwürde öýlere aýlanyp dilegçilik edýän, azyk we geýim soraýan adamlar, şeýle-de köne zatlary we öý goşlaryny satyn almagy teklip edýänler köpeldi.

Ykdysady kynçylyklar, agyr işsizlik, ýurt ilatynyň daşary ýurtlara köpçülikleýin, şol sanda gazanjyň gözleginde gitmegi, nyrhlaryň galmagy we raýatlaryň maddy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bir wagtda häkimiýetler ykdysady ösüşiň ýokary sanlaryny yglan etmegini we gymmatbaha kaşaň myhmanhanalaryň, kongress merkezleriniň, täze sport we tomaşa desgalarynyň gurluşygyna milliardlarça dollar pul sarp etmegini dowam etdirýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG